26-njy iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow döwlet Baştutanyna poçta ugratmalarynda Türkmenistanyň çäginden daşyna iberilmegi gadagan edilýän goýumlaryň sanawynyň hem-de ony tassyklamak baradaky resminamanyň taslamalary barada habar berdi. Şol resminamalar «Aragatnaşyk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň esasynda hem-de degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň teklipleri nazara alnyp taýýarlanyldy.
Döwlet Baştutany hödürlenen resminama gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi hem-de ilatymyza halkara ölçeglere laýyk gelýän poçta we beýleki degişli hyzmatlaryň hödürlenilmegini üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.
Resminama laýyklykda, poçta ugratmalarynda Türkmenistanyň çäginden daşyna iberilmegi gadagan edilýän goýumlaryň sanawy tassyklanyldy.