Soňky habarlar

Arhiw

“Samsung” sanly töleg kartyny tanyşdyrdy

12:2226.06.2020
0
922

Mobil enjamlaryň önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy “Samsung” elektron tölegiň täze görnüşini tanyşdyrdy. Sanly ulgam arkaly töleg tölemäge mümkinçilik berýän “Samsung Pay Card” “Curve” hem-de “Mastercard” kompaniýalary bilen bilelikde taýýarlanypdyr. Täze kart “Samsung”-yň  müşderilerine has çeýe we ynamly ýagdaýda maliýe ýagdaýyny dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu kartyň eýeleri birden köp kartyndaky balansyny bir kartda jemleýär. Kompaniýanyň Angliýa we Irlandiýa boýunça başlygynyň orunbasary Konor Pýers “Curve” bilen bilelikde işläp taýýarlanan sanly çözgüdiniň şu ýylyň dowamynda “Samsung Pay” arkaly satuwa çykaryljakdygyny mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň