Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ykdysadyýeti çökgünlikden halas etmek üçin möhüm çäreleri görýär

23:1625.06.2020
0
26367

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow 25-nji iýunda geçirilen iş maslahatynda häzirki döwürde ýurdumyzyň bank-maliýe toplumynyň ähli düzümlerini ösdürmek, bu ulgama täzeçil usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, şu ugurda alnyp barylýan işleri döwrüň ösen talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýet toplumynyň ylmy esasda ösdürilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Şeýle hem halk hojalygy toplumynyň durnukly ösüşiniň üpjün edilmeginde, önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynda möhüm ähmiýeti bolan çäreleri işjeňleşdirmek meseleleriniň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy.

Bazar gatnaşyklarynyň täzeçil usullar we häzirki zaman tehnologiýalary esasynda çalt ösýändigini belläp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu şertlerde hojalyk işini guramagyň barha köp usullarynyň we görnüşleriniň peýda bolýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri milli ykdysadyýeti täzeçil usullar arkaly ösdürmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany kärhanalaryň üstünlikli işlemegi hem-de bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin edaralary dolandyrmagyň guramaçylyk düzümini kämilleşdirmek meseleleriniň zerurdygyna ünsi çekip, bu ugurda öňde durýan wajyp wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Milletiň Lideri Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ýarym ýylynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek giňişleýin mejlise hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegi we häzirki çylşyrymly şertlerde gaýragoýulmasyz wezipeleri ýerine ýetirmegiň wajypdygyny hem-de bu ugurda bar bolan wezipeleriň çözgüdine gönükdirilen teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň