Türkmenistanda galla borçnamasyny amal eden etraplaryň sany 13-e ýetdi

23:0925.06.2020
0
5536

25-nji iýunda ýurdumyzyň dürli welaýatlarynyň gallaçylaryndan ýene-de hoş habarlar gelip gowuşdy. Ahal welaýatynda Tejen etraby şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilendigi barada hasabat berdi. Bu ýerde guşgursak bugdaýyň 86 müň tonnadan gowragy ýygnaldy.

Mary welaýatynyň iň gowy kärendeçileriniň ýüzlerçesi bol hasyl ýetişdirip, özleriniň ekin meýdanlarynda galla oragyny tamamladylar. Baýramaly etrabynda Watanymyzyň uly harmanyna ýokary hilli bugdaýyň 39 müň tonna golaýy, Türkmengala etrabyndan 31 müň 100 tonnadan gowragy, Oguzhan etrabyndan bolsa, ak bugdaýyň 30 müň tonnadan gowragy ugradyldy.

Lebap welaýatynyň ekin meýdanlarynda hem galla oragy gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz dowam edýär. Şol ýerde daýhan hojalyklaryň köpüsi şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Kerki etrabynda 20 müň 500 tonnadan gowrak, Darganata etrabynda 5 müň 300 tonnadan gowrak bugdaý taýýarlanyldy.

24-nji iýunda ýedi etrabyň döwlete galla tabşyrmak baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirendigi barada milletiň Liderine hasabat berendigini ýatlatmalydyrys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň