Soňky habarlar

Arhiw

Şu gije Türkmenabatdan Stambula çarter uçuş amala aşyrylar

10:4025.06.2020
0
42559

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy 26-njy iýun güni Türkmenabat şäherinden Stambula çarter uçuşynyň amala aşyryljakdygyny habar berdi. “Atawatan-Turkmenistan” saýtynda ýazylyşy ýaly, “Turkish Airlines” kompaniýasyna degişli uçar 26-njy iýun gijesi sagat 1-de (aýyň 25-inden 26-syna geçilýän gije) Türkmenabadyň halkara howa menzilinden uçar. Çarter uçuş Türkiýäniň Türkmenistandaky raýatlaryny Watanyna alyp gider.

Ilçihana Türkiýä dolanmak isleýän türk raýatlaryna “Türkhowaýollarynyň” Aşgabatdaky satyş nokadyna ýüz tutmagy haýyş edýär. Bu nokat bilen +993- 61-01-44-33 telefon belgisi arkaly habarlaşmak mümkindir.

Bir taraplaýyn uçuşyň bahasy ABŞ-nyň 450 dollary möçberinde bolar. Bagaž üçin aňrybaş agram bolsa 40 kilogram ýük bolar. Şeýle hem ýolagçylar noutbuk, el torbasy ýaly ýeňil goşlardan başga goşlaryny bagažda goýmalydyr.

Başga şäherlerde ýaşaýan türk raýatlaryna Türkmenabada çenli uçuş peteklerini “Türkmenhowaýollarynyň” kassalaryndan alyp biljekdigi ýatladylýar. Şeýle hem ýolagçylardan COVID-19 keseliniň ýokdugy baradaky kepilnama talap ediler.

Habaryň ahyrynda goşmaça maglumat üçin +993 12 94 00 27 we +993 12 94 00 29 belgiler arkaly ilçihana bilen habarlaşyp boljakdygy ýatladylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň