Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda yglan edilen maşgala bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

10:1125.06.2020
0
2459

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramagynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanyp yglan edilen «Bitarap döwletiň bagtyýar maşgalalary» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi – diýip, “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Oňa welaýat tapgyrlarynda we Aşgabat şäherinde geçirilen deslapky bäsleşiklerde ýeňiji bolan maşgalalaryň 6-sy gatnaşdy.  Ýeri gelende, bu bäsleşige etrap, şäher, welaýat tapgyrlary boýunça jemi 213 maşgalanyň gatnaşandygyny aýtmak gerek.

«Bitarap döwletiň bagtly maşgalasy» diýen şertde bäsleşige gatnaşyjylar ýurdumyzy ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynyň öz obalarynda, etrap-şäherleridir welaýatlarynda amala aşyrylyşyny wasp etmek bilen, maşgala mukaddesligini goramak, milli gymmatlyklarymyza goýulýan sarpa, Watanymyzda ýetilýän belent sepgitleriň maşgala mukaddesligini berkitmekdäki tutýan orny, özleriniň bagtyýar maşgalasy barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Ikinji şertde olar «Sagdyn maşgala — sagdyn jemgyýetiň binýady» diýen ugur boýunça bäsleşip, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmyensiklopedik kitaplaryndan maşgalada ulanmak üçin melhem taýýarladylar hem-de taýýarlan melhemleri barada rowaýat ýada bolan wakany gürrüň berdiler.

Bäsleşigiň üçünji şerti has gyzykly boldy. Bäsleşige gatnaşýan maşgalalar milli däp-dessurlary, maşgala gymmatlyklaryny hem-de ata-babalarymyzyň Watana, maşgala ojagyna wepalylyk, halal zähmet çekmek ýaly ýörelgeleriniň ösdürilmegini işjeň wagyz edip, hut öz maşgalasynda bolup geçen şatlykly, bagtly pursatlary sahnalaşdyrdylar.

Eminler topary bagtyýar maşgalalaryň çykyşlaryna adalatly baha berip, iň mynasyp maşgalany bäsleşigiň ýe­ňijisi diýip yglan etdi. Şeýlelikde, «Bitarap döwletiň bagtyýar maşgalalary» atly bäsleşigiň baş baýragyna Mary welaýatyndan Serdarowlaryň maşgalasy mynasyp boldy. Birinji orny Aşgabat şäherinden Hojamedowlaryň maşgalasy, ikinji orny Balkan welaýatyndan Sapaýewleriň hem-de Daşoguz welaýatyndan Abdyýewleriň maşgalalary, baýrakly üçünji orny bolsa Ahal welaýatyndan gelen Burunowlaryň we Lebap welaýatyndan Tokurowlaryň agzybir maşgalalary eýelemegi başardylar. Bäsleşikde ýe­ňiji bolanlara çäräniň guramaçylary tarapyndan Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň