Soňky habarlar

Arhiw

Medeniýet hepdeligi: üçünji gün

23:2624.06.2020
0
6666

Daşoguz welaýatynda Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligine gabatlanyp, geçirilýän çäreler dowam edýär. Neşirýat önümleriniň sergisiniň açylmagy, degişli ylmy-maslahat, Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi hem-de sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky konsert hepdeligiň üçünji gününiň esasy wakalary boldy ― diýip, TDH habar berýär.

Welaýat kitaphanasynyň binasynda geçirilen maslahata ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň işgärleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Kitaphananyň eýwanynda kitap we neşir önümleriniň sergisi guraldy, olaryň hatarynda döwlet Baştutanynyň eserleri, şol sanda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda neşir edilen «Türkmen alabaýy» atly kitaby görnükli orun eýeleýär.

Bu ýerde täze çap edilen kitaplar, türkmen nusgawy edebiýatynyň eserleri, döwürleýin žurnallar hem-de beýleki neşir önümleri-de görkezilýär, ýokary çaphana usulynda neşir edilmegi sergi gymmatlyklarynyň tapawutly aýratynlygydyr.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyň işine Aşgabat şäheriniň we beýleki welaýatlaryň kitaphana işgärleri hem goşuldy. Onuň barşynda Türkmenistanda kitaphana işini ösdürmegiň ýollary, ugurdaş edaralaryň ilata hödürleýän hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, kitaphana gorlaryny täzelemek barada pikir alşyldy.

Günüň ikinji ýarymynda şäheriň täze «Derek» bagynda uly dabara geçirildi—folklor-etnografiýa toparlarynyň çykyş boldy.

Hepdeligiň çäklerinde Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň «Goly sazly, tili sözli Görogly» diýen sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy.

Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligi — 2020-niň üçünji gününiň ahyrynda ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda konserti geçirildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň