“Huawei” dünýäniň iň uly dükanyny açdy

18:2124.06.2020
0
1136

Hytaýyň kompaniýasy “Huawei” Şanhaý şäherinde dünýäniň iň uly dükanyny açdy. Üç gatly binanyň meýdany 5 müň inedördül metre barabar bolup, bu ýerde 500 görnüşli haryt satylýar. Bu ýerde müşderilere harytlary ulanyp görmäge hem mümkinçilik döredilipdir. Smartfonlar, planşetler, kompýuterler, “akylly” sagatlar we beýleki harytlaryň hödürlenýän dükanynda 200 töweregi satyjy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň