Soňky habarlar

Arhiw

Medeniýet hepdeligi: ikinji gün

23:2123.06.2020
0
6581

23-nji iýunda Daşoguz welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasynyň çäklerinde döredijilik çäresine gatnaşyjylaryň täsin binagärlik we arheologik ýadygärliklere baryp görmegi göz öňünde tutuldy. Şolaryň ençemesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi ― diýip, TDH habar berýär.

Tanyşlyk gezelenjiniň çäklerinde medeni foruma gatnaşyjylar häzirki Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän gadymy Zamahşar şäherine — XI-XII asyrlaryň ajaýyp türkmen alymy — ensiklopediýaçysy, filosofy, dini öwreniji Mahmyt Zamahşarynyň watanyna baryp gördüler.

Şol gün şeýle hem «Ýaşlar» kölüniň kenaryndaky meýdançada «Bitaraplygyň mekanynda — bagtyýar çagalyk» atly köpöwüşginli çagalar baýramçylygy geçirildi. Şabat derýasynyň ugrunda — şäheriň ýaşaýjylarynyň iň gelim-gidimli dynç alyş zolaklarynyň birinde, ýedi ýarym gektara golaý meýdanda konsert sahnasy, saýaly seýilbaglar, heýkel kompozisiýalary ýerleşýär.

Bu ýerde şäher we etrap çagalar çeperçilik mekdeplerine gatnaýan çagalaryň suratlarynyň hem-de el işleriniň mowzuklaýyn sergisi guraldy. Myhmanlary ýaş ýerine ýetirijiler hem-de aýdym-saz toparlary özleriniň köpöwüşginli çykyşlary bilen begendirdiler.

Medeni forumyň çäreleri soňra ilkinji gezek S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Altyn ýol» geňeşliginiň döwrebap oba medeniýet öýünde dowam etdi. Bu ýerde milli medeni syýasaty durmuşa geçirmek babatda kino sungatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi.

Dabaranyň dowamynda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň kinematografiýaçylary tarapyndan döredilen «Beýik Ýüpek ýoly» atly taryhy filmiň ilkinji görkezilişi hem boldy. Bu film milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň esasynda döredildi.

Täze film kitabyň çuňňur many-mazmunyny beýan edip, türkmen halkynyň özüniň ahlak sütünlerine, däp-dessurlaryna aýawly garaýşy, Watanymyza çäksiz söýgüsi, gaýduwsyzlygy, parasatlylygy we asyllylygy barada gürrüň berýär.

Dabaralar agşam Daşoguz şäheriniň merkezi böleginde ýerleşýän Magtymguly meýdançasynda dowam etdi. Bu ýerde, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňünde «Belent waspyň dilde dessan, Arkadagly Türkmenistan» atly edebi çäre geçirildi.

Medeniýet hepdeliginiň ikinji gününiň maksatnamasy ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti bilen tamamlandy. Onda halk we häzirki zaman aýdym-sazlary ýaňlandy, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň