Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmäge bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi

23:2023.06.2020
0
9065

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilen giň möçberli işler, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyna taýýarlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy ― diýip, TDH habar berýär.

Iş maslahatynyň barşynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow paýtagtymyzda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň depginleri we medeni-dynç alyş merkezlerinde meýilleşdirilen çäreler barada giňişleýin maglumatlary berdi. Şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli paýtagtymyzda geçirilmegi göz öňünde tutulýan döredijilik duşuşyklary, olaryň guramaçylyk derejesi hakynda habar berildi.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow käbir desgalaryň gurluşygynyň depgininiň pesdigini aýdyp, häkimiň alyp barýan işleriniň guramaçylyk derejesine nägilelik bildirdi hem-de işleri talabalaýyk guramagy talap etdi.

Soňra welaýat häkimleri şu günler sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyny guramaçylykly we gysga möhletde geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler, şol bir wagtyň özünde gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleri barada hasabat berdiler. Şeýle hem häkimler döwlet Baştutanynyň welaýatlarda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde beren tabşyryklaryny ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirmek ugrunda işlenip taýýarlanan maksatnama hakynda habar berdiler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda şu ýylyň galla oragyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirip, ýerleri täze ekiş möwsümine taýýarlamak, ýazlyk ýeralmany, sogany we beýleki gök-bakja önümlerini wagtynda ýygnap almak boýunça tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek, gurluşykda ýokary hil derejesini üpjün etmek we olary öz wagtynda ulanmaga bermek meseleleriniň berk gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Şol bir wagtyň özünde şanly seneleri guramaçylykly dabaralandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Esenguly, Çärjew, Döwletli we Farap etraplarynyň häkimlerine berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi olara soňky gezek duýdurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň