Soňky habarlar

Arhiw

Mary şäheri Türkmenistanyň futzal ligasy ― 2020-ni kabul edýär

21:2323.06.2020
0
8020

25 ― 27-nji iýun günlerinde Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň duşuşyklary Mary welaýat sport we ýaşlar syýasaty müdirliginiň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan ýöriteleşdirilen mekdebinde dowam etdiriler. Bu ýerde liganyň 10, 11 we 12-nji tapgyrlarynyň duşuyklary geçiriler.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ýurdumyzda futzalyň ösdürilmegine uly üns berýär. Munuň üçin her ýyl köp sanly milli ýaryşlar geçirilýär. Şol işleriň netijesinde diňe bir paýtagtymyzda däl, ýurdumyzyň sebitlerinde hem futzal boýunça döwrebap sport toplumlary üstünlikli işleýär. Federasiýanyň gelen çözgüdi bilen futzal boýunça Naýbaşy liganyň duşuşyklary Aşgabat, Türkmenbaşy, Daşoguz hem-de Mary şäherlerindäki toplumlarda geçirilýär.

Milli birinjiligiň medallary ugrunda 8 topar göreşýär. Olar bir möwsümiň dowamynda biri-biri bilen dört gezek duşuşarlar. Şeýlelikde, çempion oktýabr aýynyň ikinji ýarymynda belli ediler.

Paýtagtda geçirilen 9 tapgyryň netijesi boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» futzal toparynyň ýaryşyň başyny çekýändigini ýatladýarys. Ikinji orunda «Daýhanbank», üçünjilikde «Gümrükçi» bar.

Futzal janköýerleriniň milli birinjiligiň oýunlarynyň tertipnamasy bilen TFF-niň resmi saýtyndan hem tanşyp biljekdigini ýatladýarys.

25.06.2020 ý. (10-njy tapgyr)

11:00 «Gümrükçi» — «Olimp»

13:00 «Migrasiýa» — «Serhetçi»

15:00 «Daýhanbank» — «Deňizçi»

17:00 «Senagatbank» — «Köpetdag».

26.06.2020 ý. (11-nji tapgyr)

11:00 «Olimp» — «Deňizçi»

13:00 «Serhetçi» — «Senagatbank»

15:00 «Gümrükçi» — «Migrasiýa»

17:00 «Köpetdag» — «Daýhanbank».

27.06.2020 ý. (12-nji tapgyr)

11:00 «Migrasiýa» — «Olimp»

13:00 «Daýhanbank» — «Serhetçi»

15:00 «Senagatbank» — «Gümrükçi»

17:00 «Deňizçi» — «Köpetdag».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň