Soňky habarlar

Arhiw

Hemra aragatnaşygy bolmazdan işleýän sensor

17:1223.06.2020
0
1066

Şäheriň içinde ýa-da şäherara ýollarda gidiljek ýere iň gysga ýoly görkezýän nawigasiýalar kähatalarda aragatnaşygyň üzülmegi sebäpli wagtlaýyn işlemän bilýär. Awtoulaglar üçin täze çözgütleri hödürleýän “Bosch” kompaniýasy emeli hemra aragatnaşygy ýok wagtynda hem işleýän sensory işläp taýýarlady. “SMI 230” atly enjam ýokary takyklygy üpjün edýän sensorlary bilen aragatnaşyk bolmazdan ulagyň duran ýerini hasaplaýar. Şeýlelikde, ýerasty geçelgelerden geçilende ýa-da haýsydyr bir sebäp bilen aragatnaşyk kesilse-de ýol görkezmegini dowam edýär. Täze işlenip taýýarlanan sensor ulagyň barýan ugruny, tizligini dogry hasaplap, haçan, nirededigini bilýär. Öz maglumatlaryny bolsa global nawigasiýa ulgamy bilen deňeşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň