Soňky habarlar

Arhiw

Lebaply oba hojalykçylar gök önümleriň öndürilişini artdyrýarlar

13:3223.06.2020
0
3447

Şu ýylyň bäş aýynyň dowamynda Lebap welaýatynyň hojalyklarynda 8822 tonna gök önüm, 575,3 tonna ir-iýmiş, 8097 tonna ýeralma öndürildi. Bu barada Jeyhun.news habar berýär.

Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, gök önümleriň 46,7%, ir-iýmişleriň 3%, ýeralmanyň 18,4% köp öndürilendigini aňladýar. Maldarçylykda hem gowy netijeler gazanyldy. Geçen bäş aýda diri agramdaky etiň 55195 tonnasy, süýdüň 222,3 müň tonnasy, ýumurtganyň 92,5 milliondan gowragy öndürildi. Bu geçen ýylyň görkezijilerine deňdir.

Maldarçylyk we guşçulyk önümleriniň aglaba bölegi hususy hojalyklaryň paýyna düşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň