Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäniň iň güýçli kompýuteri

12:4923.06.2020
0
1328

Ýaponiýada işlenip düzülen “Fugaku” dünýäniň iň güýçli superkompýuteri hasap edildi. Ýapon dilinde Fuji dagy diýmegi aňladýan “Fugaku” her ýylda iki gezek ýaýradylýan “Top500” sanawynda dünýäniň iň çalt hasaplaýan kompýuteri boldy. Alty ýyldan bäri işlenip düzülýän kompýuter sekuntda 415 teraflopdan gowrak amaly ýerine ýetirip bilýär. Ýurduň Riken ylmy-barlag instituty tarapyndan işlenip düzülen kompýuter ylmy açyşlar hem-de senagat tehnologiýalarynyň kämilleşdirilmeginde peýdalanylar. “Top500” sanawynda ikinji basgançakda ABŞ-nyň “US Summit” kompýuteri bar. Bu kompýuter geçen ýylyň noýabrynda ýaýradylan sanawynda birinji bolupdy. “US Summit” sekuntda 148,6 petaflop amaly ýerine ýetirip bilýär. Şeýlelikde “Fugaku” ikinji basgançakdaky kompýuterden 2,8 esse köp amaly ýerine ýetirip bilýär. Kompýuteriň indiki ýylyň aprelinde dolulygyna işledilip başlanjakdygy mälim edildi. Sanawyň üçünji ýerinde amerikan , dördünjiu we başinda ornunda hytaý kompýuteri bar. “Top500” sanawy 1993-nji ýyldan bäri ýaýradylyp, dünýäniň öňdebaryjy kompýuterleri barada maglumatlary, şeýle hem bu ugurda halkara maslahatlaryny guraýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň