Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

23:4622.06.2020
0
11150

22-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Ahal welaýatynda boldy. Döwlet Baştutany saparynyň çäklerinde welaýatdaky täze senagat toplumlarynyň gurluşyk işleriniň barşy we sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda, seýle hem «Ahalgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Galla önümleri önümçilik toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Ir bilen milli Liderimiz dikuçarda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyna tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz eksport ugurly önümleriň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak boýunça dokma pudagynyň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda bina edilýän täze döwrebap senagat toplumynyň gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen bu iri senagat toplumynda «kompakt penýe» (tüýjümek däl) görnüşli inçe süýümli ýüplügiň ýylda 3 müň 300 tonnasy öndüriler.

Şondan taýýarlanan ýokary hilli matalaryň 20 million inedördül metrini, şol sanda boýalan matalaryň 18 million inedördül metrini hem-de taýýar tikin önümleriniň 3,5 million sanysyny öndürmek meýilleşdirilýär. Bu desganyň gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň maý aýynda badalga berildi. 2021-nji ýylda bolsa senagat toplumy işe başlar.

Geljekki dokma toplumynyň taslamasy pagta süýümini gaýtadan işlemek tapgyryndan başlap, ahyrky önümi öndürmäge çenli tehnologik işleriň tutuş toplumyny öz içine alar. Bu toplumda egriji, dokma, boýag we tikin bölümleri bolar.

Senagatyň dokma pudagynyň ösdürilmegi iş orunlarynyň artmagyna, ykdysadyýetiň ýokarlanmagyna getirýär. Şonuň üçin täze-täze dokma toplumlarynyň gurulmagy bilen bu pudagyň binýady pugtalandyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Babadaýhan etrabynyň pagta çig malyny öndürmekde iri etraplaryň biri bolup durýandygyny bellemek gerek.

Bu ýerde dokma toplumynyň gurulmagy öndürilýän çig malyň bada-bat gaýtadan işlenilmegine, çykdaýjylaryň azalyp, girdejileriň köpelmegine uly ýardam berer. Etrap senagat etrabyna öwrüler. Bu bolsa etrabyň ykdysady kuwwatlylygyny ýokarlandyrar.

Dünýäde tebigy ýüplüge we matalara, ekologiýa taýdan örän arassa bu çig maldan taýýarlanan egin-eşiklere bildirilýän ýokary isleg milli ykdysadyýetimizde hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmekde dokma senagatynyň ileri tutulýan ornuny şertlendirdi.

Häzirki döwürde öňdebaryjy döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak arkaly dokma senagatynyň okgunly ösdürilmeginiň, Diýarymyzyň hem-de dünýäniň iň oňat tejribesiniň peýdalanylmagynyň netijesinde, türkmen dokmasynyň diňe bir içerki däl, eýsem, halkara bazarlarda hem bäsdeşlige ukyplylygy yzygiderli ýokarlandyrylýar.
Pudakda täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bir hatarda, öndürilýän önümleriň hiliniň ýokarlanmagyna we ekologiýa taýdan howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelmegi meselelerine hem uly üns berilýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz dikuçarda Kaka etrabynda gurluşygy alnyp barylýan täze senagat toplumynyň işlerini synlady. Bu toplumyň gurluşygyna 2018-nji ýylyň mart aýynda badalga berildi. Toplumy 2021-nji ýylda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiziň yzygiderli üns bermegi netijesinde, dokma pudagynyň toplumlaýyn ösdürilmegine we döwrebaplaşmagyna ägirt uly maýa goýum gönükdirilýär, dokma senagatynyň önümçilik kuwwaty yzygiderli artdyrylýar. Häzirki döwürde bu pudak dünýäniň iň öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary bilen üpjün edilen kärhanalary özünde jemleýär.

Çig malyň ilkinji gaýtadan işlenmeginden başlap, taýýar önümleriň önümçiligine çenli öňdebaryjy dünýä tejribesiniň hem-de serişde mümkinçilikleriniň doly güýjünde ulanylmagy bilen innowasion esasdaky senagaty döretmek strategiýasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň özenini düzýär.

Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, egirme, dokma, boýag we tikin önümçiligini öz içine aljak bu senagat toplumynda ýylda inçe süýümli pagtanyň 5 müň tonnasy gaýtadan işlener.

Toplumda şondan «Kompakt penýe» (tüýjümek däl) görnüşli nah ýüplügiň 3 müň 650 tonnasyny öndürmäge niýetlenen önümçilik, egin-eşik tikmek üçin 12 million inedördül metr ýokary hilli matany, şol sanda 10 million inedördül metr boýalan matany hem-de 1 million 200 müň sany taýýar önümi öndürmäge niýetlenen önümçilik bölümleriniň işi ýola goýlar.

Döwlet Baştutanymyz dikuçardan bu uly toplumyň gurluşyk işlerini synlady. Onuň gurulmagy ýurdumyzyň senagatyny pudaklar boýunça ösdürmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ýokary götermek, ilaty iş orny bilen üpjün etmek we halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmak boýunça milli Liderimiziň alyp barýan beýik işleriniň subutnamasydyr.

Gaýtadan işleýän kuwwatly dokma senagatynyň döredilmegi Türkmenistanyň dünýäniň dokma önümlerini öndürýän iri döwletleriniň arasynda öz mynasyp ornuny eýelemegine ýardam berdi. Dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmegi Diýarymyza uly abraý we şöhrat getirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz dikuçarda galla ýetişdirilen ekin meýdanlaryny, bugdaýly atyzlardaky galla oragynyň depginini synlady.

Şu ýyl Ahal welaýatynda 400 müň tonna galla hasylyny almak maksat edinilýär. Galla meýdanlarynda bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleri ekildi. Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde, orak möwsüminde ýokary öndürijilikli «John Deere», «Сlaas», «Сase» kysymly galla orujy kombaýnlar üstünlikli işledilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy.

Obasenagat toplumynyň düzümleriniň hem-de hyzmat edýän pudaklaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, elewatorlaryň, gaýtadan işleýän oba hojalyk kärhanalarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygyna köp mukdarda maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary öndürijilikli kämil tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy ak bugdaýyň bol hasylyny almagyň kepiline öwrülýär.

Önümleriň döwlet tarapyndan satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy, önüm öndürijileriň maliýe-ykdysady taýdan höweslendirilmegi olaryň öz zähmetiniň netijelerine bolan gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar.

Şu ýyl milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli goldawy hem-de daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ekin meýdanlarynda bugdaýyň bereketli hasyly ýetişdirildi. Munuň şeýledigi guşuçar belentlikden has-da aýdyň görünýär.

Galla meýdanlarynyň aňyrsyna göz ýetmäýän giňişligi babadaýhanlarymyzyň şu ýylky yhlasynyň ýerine düşendigine şaýatlyk edýär. Öwüsýän şemala altynsow başlaryny ygşyldadyp oturan galla meýdanlary gözüňi dokundyryp, halkymyzyň saçagynyň egsilmez bereketlidiginiň nyşany bolup görünýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda öňde duran möhüm wezipe ýetişdirilen bereketli galla hasylynyň ýekeje dänesini hem yrýa etmän ýygnap almakdan ybaratdyr. Orak möwsüminiň şu gyzgalaňly günlerinde bu ugurda agzybirlikli we gaýratly zähmet gaýnap joşýar.

Garaşsyz döwletimiziň her bir raýatyna, şol sanda türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge, halal zähmeti bilen eşretli durmuşda ýaşamaga Diýarymyzda ähli şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary bilen, daýhanlarymyzyň ýokary öndürijilikli döwrebap oba hojalyk tehnikalary hem-de gurallary bilen yzygiderli üpjün edilmegi, olar üçin tehniki hyzmatlaryň, mineral dökünleriň, ýokary hilli tohumlaryň we ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeleriň ýeňillikli bahalardan berilmegi hem-de öndürilýän önümler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzda ak bugdaýyň, «ak altynyň», gök-bakja önümleriniň, dürli miweleriň we ir-iýmişleriň bol hasyly öndürilýär hem-de azyk bolçulygynyň binýady has-da pugtalandyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň baş¬lan¬gyç¬la¬ry esa¬syn¬da oba ho¬ja¬ly¬gyn¬da ama¬la aşy¬ryl¬ýan giň ge¬rim¬li öz¬gert¬me¬ler hä¬zir¬ki wagt¬da mil¬li yk¬dy¬sa¬dy¬ýe¬ti¬mi¬ziň bu mö¬hüm pu¬da¬gy¬ny hil taý¬dan tä¬ze sep¬git¬le¬re çy¬kar¬dy.

Soňra döwlet Baştutanymyz dikuçarda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşyk işlerini synlady.

Bu iri taslama milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi. Onuň esasy ugry halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin aňrybaş şertleriň döredilmegi bolup durýar.

Şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek sebitleri toplumlaýyn ýagdaýda senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi we hususy pudagy köpugurly esasda ösdürmek boýunça wezipeleriň oňyn çözgüdine gönükdirilendir. Munuň özi mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Bellenen işlere laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat dolandyrmasynyň, «Türkmenistan» we «Daýhanbank», «Halkbank» döwlet täjirçilik banklarynyň, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň welaýat şahamçalarynyň edara binalary, welaýat boýunça senagat we kommunikasiýa toplumynyň, Söwda toplumynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem oba hojalyk toplumynyň, gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy toplumynyň, jemgyýetçilik edaralarynyň toplumynyň edara binalarynyň gurluşygy dowam edýär.

Mundan başga-da, 7 we 9 gatly ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, Bagt köşgi, orta hünär okuw mekdepleriniň, ýörite sungat mekdebiniň, çagalar baglarynyň, saglyk öýüniň binalary gurulýar.

Işleriň bellenilen möhletlerde hem-de ýokary hil derejesinde tamamlanylmagy üçin döwlet tarapyndan hemme zerur şertler we mümkinçilikler döredildi. Gurluşykda häzirki zamanyň döwrebap, kuwwatly tehnikalary üstünlikli işledilýär, zerur bolan gurluşyk serişdeleri bilen gerekli mukdarda üpjün edilýär.

Milli Liderimiziň tabşyryşy ýaly, bu ýerde işler degişli pudaklaýyn düzümleriň ählisi bilen sazlaşykly esasda toplumlaýyn alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işleriň ýokary hilli bolmagynyň hem-de gözellik we ekologiýa babatda, desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegini hem goşmak bilen, bu işleri alyp barmaga toplumlaýyn çemeleşmegiň potratçylara hem-de täze gurluşyklary buýrujylara bildirilýän esasy hem-de hökmany talap bolup durýandygyny hemişe nygtaýar.

Häzir biziň gurluşyk senagatymyz uly kuwwata eýedir. Şol kuwwaty täze taslamalary durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň önüm öndürijilerini, zerur ýagdaýynda bolsa daşary ýurt maýa goýumlaryny hem çekmek arkaly doly derejede peýdalanmaly. Desgalar gurlanda esasy ýagdaýlaryň ählisini, şol sanda ýurdumyzyň howa şertlerini göz öňünde tutup, diňe saýlanyp alnan ýokary hilli serişdeleri ulanmak gerek diýip, milli Liderimiz belleýär.

Milli Liderimiz örän wajyp mesele hasaplanylýan ekologiýa wezipesiniň oňyn çözülmegine möhüm ähmiýet berýär. Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi Köpetdagyň etegindäki ajaýyp giňişlikde ýerleşer. Bu töweregiň gözelligini saklamak üçin häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden peýdalanylmagy zerurdyr. Şeýlelikde, täze şäher ekologiýa we medeniýet babatda nusgalyk bolar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awtoulagda «Ahalgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Galla önümleri önümçilik toplumyna geldi. Döwlet Baştutanymyzy bu ýerde Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ahal welaýatynyň häkimi garşyladylar. Milli Liderimiz şu günler oba hojalyk pudagynyň iň möhüm möwsümleriniň biri bolan orak döwründe bu ýerde ýaýbaňlandyrylan işler bilen tanyşdy.

Şol pursatda önümçilik toplumynyň çägine gelen üsti galla ýüklenen awtoulag terezä bardy.

Döwlet Baştutanymyz bugdaý meýdanlarynda orlup, ýüklenen awtoulaglar arkaly galla önümleri kärhanasyna getirilen hasylyň işlenilişiniň yzygiderliligi bilen gyzyklanyp, bu ýerde orak möwsümine gatnaşýanlar bilen gürrüňdeş boldy.

Olaryň arasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Batyr Pälwanow bar. Kärendeçi ekerançylyk bilen eýýäm 12 ýyl bäri meşgullanýandygyny gürrüň berdi. Gallaçynyň belleýşi ýaly, 23 gektar kärende meýdanynda bugdaýyň bereketli hasyly alyndy. Döwlet tarapyndan berilýän goldawyň we ýeňillikleriniň netijesinde, ol şu ýyl her gektardan gallanyň 40-45 sentner hasylyny almaga garaşýar.

B.Pälwanow bular barada aýtmak bilen, daýhanlaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegine, ýokary hasyl almagyna döwlet tarapyndan döredilýän şertler hem-de berilýän anyk kömek üçin welaýatyň ekerançylarynyň adyndan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz kärendeçiden maşgalasy, hojalygy, çagalarynyň alyp barýan işleri barada hem sorady.

B.Pälwanow milli Liderimiziň tagallasy bilen sebitlerde, şol sanda oba ýerlerinde ýokary derejeli ýaşaýyş, göwnejaý dynç alyş we körpe nesilleriň sazlaşykly ösmegi üçin ähli zerur mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi. Halal zähmetiň hözirini görüp ýaşaýan oba adamlary döwlet derejesinde döredilýän oňyn şertlerden netijeli peýdalanyp, öndürijilikli zähmetlerini barha artdyrýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba ýerlerinde durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagy, daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti we Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda döwletimiziň mundan beýläk-de alada etjekdigini aýtdy hem-de kärendeçi daýhana kespinden kemal tapmagy arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz «Ahalawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjisi Parahat Ýomudow bilen söhbetdeş boldy. P.Ýomudow orak möwsüminde işlemek üçin hemme oňyn şertleriň döredilendigini belläp, ýükleri daşamak maksady bilen, daşary ýurtlardan ýöriteleşdirilen döwrebap awtoulaglaryň yzygiderli satyn alynýandygy üçin, milli Liderimize ähli sürüjileriň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz orak möwsüminde ulanylýan bu tehnikalaryň ýurdumyzyň howa şertlerine laýyklykda, Türkmenistanyň buýurmasyna görä ýörite taýýarlanylandygyny nygtap, şolaryň halkymyzyň «Ak zat alnyňa ýagşy» diýşi ýaly, ak reňkdedigini, kuwwatly we berdaşlygyny belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz bu awtoulaglary dolandyrýan sürüjileriň öz tejribelerini has-da kämilleşdirmekleri üçin tehnikalary öndüriji ýurduň özündäki zawodlarda kämilleşdiriş okuwlaryna ugradylmagynyň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy we şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz kärendeçi bilen bilelikde, «Ahalgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň çekimçisi Sylapberdi Durdyýewiň iş otagyna bardy. Milli Liderimiz onuň bilen söhbetdeşlikde geçirilýän işler hem-de onuň üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy.

Ýaş hünärmen öz işleri barada gürrüň berip, kärhana gelen üsti galla ýüklenen awtoulagyň ilki bilen, ýöriteleşdirilen tereziniň kömegi arkaly ýüküniň çekilýändigini habar berdi. Şunda işleriň örän takyk we dürs alnyp barylmagy üçin mümkin bolan ähli işler ýerine ýetirilýär, şol sanda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Sanly ulgamyň ýerlerde ornaşdyrylmagyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji derejeli ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, çekimçi işlemek üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi, ýaşlar hakdaky atalyk aladasy üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz ýaş hünärmene işlerinde üstünlikleri arzuw edip, döwletimiziň ýaşlary hemişe goldap, olaryň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda mundan beýläk-de hemme mümkinçilikleri döretjekdigini aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harmana bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz terezide duran awtoulagyň üstündäki gallanyň agramy çekilenden soň, harmana düşürilen hasylyň dänelerini eline alyp, barlap gördi. Milli Liderimiz däneleriň dokdugyny, arassadygyny, örän gowudygyny belledi. Munuň özi döwlet tarapyndan berilýän ýokary derejeli kömek-goldawlardan netijeli peýdalanýan gallaçy kärendeçileriň yhlasly zähmetiniň miwesi bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz zähmet siňdirilip ýetişdirilen galla hasylynyň ýekeje dänesiniň hem yrýa edilmeli däldigine, onuň degişli derejede saklanmagyna we gaýtadan işlenmegine örän jogapkärçilikli hem-de ylmy esasda çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Hasyl ýetişdirilenden soň, ähli işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi, dänäniň gaýtadan işlenmegi halkymyzyň rysgal-döwletiniň artmagynyň, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginiň we pudagyň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagynyň baş şertini emele getirýär diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz kärendeçi bilen toplumyň barlaghanasyna bardy. Bu ýerde milli Liderimiziň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hil gözegçilik gullugynyň baş hünärmeni Döwran Allakulow bilen gürrüňdeşligi boldy.

Bugdaý dänäleriniň doklugyny, çyglylygyny, arassalygyny barlamak boýunça seljerme işleriniň geçirilişi bilen milli Liderimizi tanyşdyrmagynyň barşynda hünärmen barlaghanada zähmet çekmegiň ajaýyp şertleriniň döredilendigini hem-de bu işler geçirilende, döwrebap enjamlaryň ulanylýandygyny gürrüň berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde öndürilýän unuň arassalyk, hil we ýokumlylyk derejesi hem-de onuň demir we foliý kislotasy bilen baýlaşdyrylmagy babatda geçirilýän işler bilen gyzyklandy.

Barlaghananyň işgäri unuň zerur bolan maddalar bilen baýlaşdyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işler barada gürrüň berip, munuň keselleriň öňüni almak babatda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň möhüm bölegidini belledi.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda hünärmen azyk bolçulygyny üpjün etmek ugrundaky tagallalary, şeýle hem hünärmenleriň öndürijilikli zähmet çekmegine toplumda döredilen ajaýyp şertler üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk bildirdi hem-de öz tarapyndan ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmegiň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine öz işlerini mundan beýläk-de halal ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz hünärmeniň işine ýokary baha berip, tabşyrylan işe yhlasly çemeleşmegiň türkmen halkyna gadymdan mahsus hem-de pederlerimizden miras galan häsiýetdigini aýtdy.

Şol ýörelgäni mynasyp dowam etmek türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleri üçin mukaddes hem-de parz işdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow barlaghanadan çykyp, taýýar önümiň gaplanýan bölümine geldi. Toplumyň önümçilik bölümleri 4 sany bolup, olar bugdaý ununy öndürýän bölümden, unaş önümlerini öndürýän bölümden, çörek we çörek önümlerini öndürýän bölümden hem-de polipropilen haltalaryny öndürýän bölümden ybaratdyr.

Önümçilik toplumynyň bugdaý ununy öndürýän bölüminiň kuwwatlylygy bir ýylda 80 müň tonna un öndürmäge niýetlenendir. Toplumyň bu bölümi 2 sany özbaşdak ulgamlardan ybaratdyr. Olaryň biri ýokary hem-de birinji hilli un, beýlekisi bolsa unaş ununy öndürmek üçin niýetlenen ulgamlardyr. Taýýarlanan däne çyglama enjamlaryndan geçirilýär we doly arassalanyp, üwemeklik üçin bugdaý üweýji enjamlara berilýär.

Ýokary hilli un taýýar önümler ammaryna ugradylýar we şol ýerde ýörite 5, 10, 25 we 50 kilogramlyk un haltalaryna hem-de awtomatlaşdyrylan gaplama enjamlaryndan ownuk gaplara gaplanýar.

Önümçiligiň her tapgyrynda — çig maly taýýarlamakdan başlap, taýýar önümiň çykarylyşyna çenli önümleriň hiliniň barlagy geçirilýär.

Häzirki wagtda bu ýerde bugdaýyň täze hasylyndan alnan unlar haltalara gaplanylýar. Munuň özi türkmen topragynyň rysgal-berekediniň egsilmezdiginiň, azyk bolçulygynyň, hususan-da, saçaklarymyzyň iň naýbaşy önümi bolan çörege bolan islegiň doly derejede üpjün edilendiginiň ýene-de bir subutnamasydyr.

Bu ýerde hatarlanyp goýlan kärhananyň taýýar önümleri bolan haltalara gaplanan we özüniň ýokumlylygy bilen tapawutlanýan unlar ak gar kimin belent daglary döredip, halkymyzyň bol-bereketli durmuşyndan habar berýär. Munuň özi geljekki eşretli gurgun ýaşaýşymyzyň kepilidir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow içi undan doly haltanyň birine ýadygärlik gol çekip, şu günki senäni goýdy.

Bu ýerde guralan sergide şu ýyl ýetişdirilen bugdaýyň dürli görnüşlerinden kärhanada öndürilen önümleriň ähli görnüşleri görkezildi. Hususan-da, çörek we çörek önümleri — Ahal», «Galbaň», «Barmak», «Petir dograma», «Melhem», «Petir halkajyk kökesi», «Petir halkajyk künjili kökesi» we «Şekerli çörekçesi», unaş önümleri — «Burgy», «Balyk gulak», «Turbajyk» we «Galam» we beýlekiler görkezildi. Aýratyn hem nur saçyp duran Güne meňzeş serginiň törüni bezäp duran örän tegelek uly çörek ünsi çekdi.

Şu ýyl ak bugdaýyň bereketli hasyly kemala getirildi diýip, hormatly Prezidentimiz kanagatlanma bilen belledi hem-de bu ýerde ýaýbaňlandyrylan serginiň eziz Diýarymyzda bereket bolçulygynyň döredilendigini bütin aýdyňlygy bilen görkezýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz berhiz çörekler bilen gyzyklanyp, olaryň adam saglygyna peýdasynyň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sergini synlamagynyň barşynda häzirki zaman önümçiliginiň ýokary tehnologik derejesine hem-de şonuň netijesinde, bu ýerde öndürilýän ýokary hilli önümleriň ähli görnüşlerine uly baha berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz kärendeçä hem-de awtoulagyň sürüjisine kesbinden kemal tapmaklaryny arzuw edip, olara gymmat bahaly sowgatlaryny gowşurdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde iş maslahatyny geçirip, onda ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyran iş saparlarynyň netijelerini jemledi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Ahal welaýatyna guralan şu günki iş saparyň welaýatlar boýunça amala aşyrylan şunuň ýaly saparlaryň jemlenmesine öwrüldi.

Garaşsyz Türkmenistanyň ak bugdaýyň dörän Watanydygyny geçen asyryň başynda geçirilen arheologiki barlag işleri äleme äşgär etdi. Irki döwürlerde Köpetdagdan gözbaş alyp gaýdýan çeşme-çaýlaryň, ýagyş-ýagmyrlaryň suwlary Garagumuň çäklerine baryp siňýän ekeni. Adamlar heniz ýeriň yzgary gitmänkä ol ýerlere bugdaý tohumyny sepip, hasyl alypdyrlar.

Arheologlar tarapyndan Jeýtun obasynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan tapyndylar ýerli ilatyň bu ýerde ekerançylyk bilen meşgullanandygyny subut edýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen daýhany gallanyň bol hasylyny öndürmegi yzygiderli artdyryp öz dörän Watanynda ak bugdaýyň şöhratyny täzeden dikeltmegiň hötdesinden geldiler. Häzir ýurdumyzda ak bugdaýyň özümizde döredilen 12 sany görnüşi giňden ekilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparlarynyň netijelerini umumylaşdyryp, ýurdumyzyň welaýatlaryna bolan iş saparynyň netijeleriniň daýhanlarymyzyň alyp barýan işleriniň talabalaýyk derejededigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Bugdaýyň ýetişdirilen bereketli hasyly, meýdanlarda hereket edýän täze oba hojalyk tehnikalarynyň köp möçberli sany munuň aýdyň mysalydyr. Gök-bakja önümleriniň we miweleriň bol hasylynyň ýygnalmagyndan oňat görkezijiler alyndy. Bularyň ählisi biziň oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça kabul edýän çözgütlerimiziň dogrudygyny subut edýär hem-de ýurdumyzyň azyk bolçulygyny doly üpjün edýändigini görkezýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen döwleti oba hojalyk önümleriniň öndürilmeginde özüni üpjün edip bilýän döwlet bolmalydyr, bazarlarymyz dürli önümlere baý bolup, türkmenistanlylaryň ýokumly iýmitlere isleglerini üpjün etmelidir. Şunda topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmaga hem-de oba hojalyk ekinlerine ideg etmek boýunça hemme zerur agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir.

Ösüşleriň täze belentliklerine barýan ýurdumyzda ene topraga ykbalyny baglan, oňa yhlasly zähmetini siňdirip, bol hasyl öndürýän ekerançylarymyza we daýhanlarymyza öndürijilikli işlemäge, mukaddes toprakdan bol hasyl alyp, halal zähmetinden baýamaga ähli şertler döredilýär. Obalarda düýpli özgertmeleriň yzygiderli dowam etdirilmegi oba hojalyk önümçiliginde zähmet çekýän adamlaryň ýaşaýyş durmuş şertlerini düýpli gowulandyrýar. Olaryň işine we durmuşyna täze öwüşgin çaýýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Gallam bar — tyllam bar» diýen peder paýhasyny mysal getirip, bugdaý öndürýän topragyň keramatdygyny, bugdaý ekýän halkyň umumadamzat ýaşaýşyna bahasyna ýetip bolmajak genji-hazyna goşýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ykdysady taýdan ösen, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşýan ýurt hökmünde özüni dünýä tanadan ata Watanymyz öz azyk bolçulygyny doly üpjün edýän kuwwatly döwletleriň biridir. Munuň şeýledigini bu ýerdäki sergide görkezilen çörek önümleriniň giň görnüşleri aýdyň tassyklaýar.

Hökümetiň azyk bolçulygyny berkitmäge gönükdirip kabul edýän çözgütleridir kararlary bagtyýar halkymyzyň hal-ýagdaýyny öňküden-de ýokarlandyrmaga we Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýynyň artmagyna ýardam berýär.

Häzirki wagtda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz «Iş guralyň bolsa saz, muşakgatyň bolar az» ýa-da «Guralyň düz — azabyň az» diýen peder parasatlaryny getirip, sözüni dowam etdi. Bular barada nygtamak bilen hormatly Prezidentimiz gallaçy kärendeçilerimize ýokary zähmet şertleriniň döredilip, olaryň kuwwatly, döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen söhbetdeşlikde bugdaý, çörek barada mysal getirip, ata-babalarymyzyň çöregiň gymmaty hakynda «Çörek — uludan, suw — kiçiden», «Çörek — ýolda ýoldaş, dost — ýolda syrdaş» ýaly nakyllary döredendiklerini aýtdy. Uzak ýola rowana bolnanda-da, çöregiň ýoldaş edilip äkidilýäni hemmämize bellidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Milli Liderimiz «Malsyz öý bolar, çöreksiz öý bolmaz» diýip, türkmen tagamlarynyň arasynda esasy orun eýeleýän, saçagymyzyň bezegi, rysgal berekedi bolan çörege halkymyzyň uly sarpa goýýandygyny, duz-çöregiň mukaddes saýylyp, tamdyryň keramat hasaplanýandygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz pederlerimiziň parasatly nakyllaryndan mysal getirmegini dowam edip, «Aşyny aýan aşa ýeter, donuny aýan — toýa» diýen setirlere ünsi çekmek bilen, biz toýa barýarys diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz bugdaýy isripsiz ýygnap, bu jogapkärli möwsümiň tutanýerli zähmetimiz bilen üstünlikli jemlenilmelidigini aýtdy.

Saçaklarymyzyň rysgal-berekedi baradaky gürrüňlerini döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ene-atanyň mukaddesligi baradaky ýörelgeler bilen baglanyşdyrdy. Bu mukaddesliklere sarpa goýmagyň hem bagtyýarlyga ýol açýandygy aýdyň hakykatdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Türkmen ilinde ene-ata hormaty ähli zatdan belentde tutulýar. Bu babatda milli Liderimiz halkymyzyň oňyn ýörelgeleri döredendigini aýdyp, olaryň nesiller üçin görelde mekdebidigini belledi we bu ýörelgeleriň döwrebap derejede ösdürilmeginiň möhümdigini aýdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkymyzyň asyrlaryň dowamynda bahasyna ýetip bolmajak pähimleri, paýhasly jümleleri döretmeginiň nesiller üçin buýsançdygyny nygtady.

Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, türkmen halkynyň «Gyzjagazyň eline iňňe-sapak ber, oglanjygyň eline pil ber» diýen paýhasly jümlesiniň çuňňur mana eýedigini, onuň körpe nesillerde hünäre bolan höwesi berkitmekde ähmiýetlidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, agtyjaklarynyň biriniň halkymyzyň döreden paýhasly jümlesinden ruhlanyp, öz elleri bilen alaja işip berendigini belledi we şol alajany görkezdi. Munuň özi häzirki döwürde ene-mamalarymyzyň halk amaly-haşam sungatynyň mynasyp dowam etdirilip, nesilden-nesle geçirilip gelinýändigine şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyz maslahatyň dowamynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy baradaky meseläni gozgap, Moskwada geçiriljek dabaraly harby ýörişe Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşjakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu şanly waka mynasybetli we türkmen esgerleriniň Beýik Watançylyk urşunda görkezen gahrymançylygyny wasp edýän täze «Durnalar» atly goşgusyny döredendigini aýtdy.

Milli Liderimiz goşgyny ilkinji gezek okap berip, ýene-de bir agtyjagynyň hem durnalaryň keşbini şekillendirip, surat çekendigini habar berdi. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesilleriň umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlara mynasyp goşant goşmaga bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň beýanydyr.

Ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda galla oragynyň barşy, zähmet şertleri, ýerlerde ýaşaýyş-durmuş meseleleriniň çözülişi bilen tanyşmak maksadynda welaýatlara guralan iş saparlary örän netijeli bolup, many-mazmunly häsiýete eýe boldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanagatlanma bilen nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlaryna guran iş saparlarynyň netijelerine bagyşlanan taryhy ýazga gol çekdi. Bu ýazgy ýurdumyzda bereket bolçulygyny döredýän oba zähmetkeşleriniň işine berlen baha we bitirilýän asylly işleriň güwänamasy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň şa gadamynyň hormatyna bu ýerde gazanlar atarylyp saçaklar giňden ýazyldy. Gelin-gyzlar hamyr ýaýyp, dürli görnüşli un we unaş önümlerinden tagamlary taýýarladylar, tamdyrda çörek bişirdiler, tüňçelerde çaý gaýnadyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen söhbetdeş bolup, olaryň alyp barýan işleri, okuw-iş ugurlary, ýaşaýyş-durmuş şertleri, höwes edýän ugurlary, isleg-arzuwlary bilen gyzyklandy.

Hormatly Prezidentimiz asylly işlerde zenanlaryň goşýan goşandynyň ähmiýetine ünsi çekip, bu işleriň ýaş nesli terbiýelemekde möhüm ugur hasaplanylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däplerini häzirki döwürde dowam etdirmek maksady bilen edilýän tagallalar ýaşlarda zähmete söýgi duýgusyny ösdürmäge, olary watançylyk ruhunda terbiýelemäge ýardam edýär.

Şeýle hem milli Liderimiz datly tagamlary taýýarlamagyň, tamdyra nan ýapmagyň mukaddes iş hasaplanylýandygyny belläp, bu babatda gelin-gyzlara möhüm ornuň degişlidigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şu işlerde gelin-gyzlara uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ata-babalarymyz bugdaýy yhlas bilen ýetişdirip, çöregiň tagamly bolmagy üçin aladalanypdyrlar. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky sözüni dowam edip, halkymyzyň çöregiň sarpasyny hemişe belent tutup, ony mukaddeslige deňemegi durmuş kadasyna öwrendigini, oňa hormat-sarpa bilen garamagy ündändiklerini belledi.

Bularyň ählisi düýpli we oňyn özgertmeleriň ajaýyp miweleridir. Şol özgertmeleriň esasy maksady Türkmenistany abadan we gülläp ösýän döwlete öwürmekden ybaratdyr. Biziň ýurdumyzda bolsa ähli raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy, netijeli zähmet çekmegi we mynasyp dynç almagy üçin ajaýyp şertler döredilendir, olaryň durmuş hal-ýagdaýy yzygiderli ýokarlandyrylýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Gelin-gyzlar özleri hakda edilýän hemmetaraplaýyn aladalar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň abadançylygyny gazanmak ugrundaky yzygider tagallalary üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, mähriban Watanymyzy gülledip ösdürmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözmek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Altynsow bugdaýly meýdanlar bolsa Watanymyzyň rowaçlygynyň ajaýyp nyşanydyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýurdumyzyň we mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan döredijilikli işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň