Soňky habarlar

Arhiw

Arslanmyrat Amanow: «Möwsümdäki ilkinji golumyň topara ýeňiş getirendigi üçin şatlygymyň çägi ýok»

22:3222.06.2020
0
5763

Özbegistanyň Superligasynyň 5-nji tapgyrynda AGMK-niň öz meýdanynda «Surhony» 1:0 hasabynda ýeňendigini habar beripdik. Ätiýaçlykdan oýna giren türkmenistanly ýarym goragçy Arslanmyrat Amanow duşuşykda geçirilen ýeke-täk pökginiň awtorydyr. «Championat.asia» saýtynda ildeşimiziň bu duşuşyk, geçiren goly baradaky pikirlerine orun berildi:

— Uzak wagtlyk arakesmeden soňra toparymyz assa-ýuwaşdan öz oýnuny tapýar. Aňrybaş derejede oýnamak üçin bolsa ýene biraz wagt gerek. Duşuşykda bir pökgi geçirmek azlyk edýär, köpräk geçirip, duşuşyklardaky artykmaçlygy ele almagymyz gerek. Bu ýagdaý futbolçylarymyzyň hem özüne bolan ynamyny artdyrardy. Häzir tutuş topar bolup, türgenleşiklerimizi köpräk pökgi geçirmäge gönükdirýäris.

Meýdana çykmankam, Mirjalol Kosimow maňa üstünlik arzuw etdi. Dogrusyny aýtsam, öz geçiren goluma däl-de, toparymyzyň ýene bir 3 utugy gazananmagyna begenýärin. Bu ― meniň şu möwsümde geçiren ilkinji pökgim. Bu-da guwançly ýagdaý.

Möwsümde toparyň öňünde Aziýanyň Çempionlar ligasyna ýollanma gazanmak wezipesi goýuldy. Bu wezipäni amal etmek üçin her duşuşykda maksimal güýç bilen oýnarys. Utuklary yzly-yzyna gazanmaga çalşarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň