Türkmenabatda Lebabyň halk teatrlarynyň arasynda bäsleşik geçirildi

12:2222.06.2020
0
5809

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi bilen bilelikde yglan eden «Bagtyýarlyk döwrüniň halk teatrlary» atly bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi. Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynda geçirilen gözden geçirilişe welaýatyň etrap-şäherlerindäki ähli halk teatrlary täze eserlerini hödürlediler. Eserler zähmet joşgunyny, oba durmuşyny wasp edýär. Käbir eserlerde bolsa taryhyň şanly sahypalaryna, meşhur şahsyýetlere ýüzlenilipdir.

Bäsleşikde Kerki, Halaç we Çärjew etraplaryndan gelen toparlaryň eserlerine eminler tarapyndan ýokary baha berildi. Şu gezekki bäsleşige heniz halk teatry derejesine ýetmedik drama toparlarynyň hem gatnaşdyrylmagy esasy aýratynlygyň biri boldy. Döwletli etrabynyň Dostluk şäherinden gelen drama toparynyň eseri eminleriň hem, tomaşaçylaryň hem ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň