Türkmenistanda sanly bilimiň mümkinçilikleri artdyrylýar

14:5821.06.2020
0
6007
Türkmenistanda sanly bilimiň mümkinçilikleri artdyrylýar

Türkmneistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow 19-njy iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly orta we ýokary bilim ulgamynda uzak aralykdan okatmagy guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi ― diýip, TDH habar berýär.

Döwrebap sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen bilim edaralarynda uzak aralykdan okatmak işleri ýola goýuldy we wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly mümkin bolan ylmy maslahatlar geçirilýär. Häzirki döwürde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, daşary ýurtlarda orta hünär biliminiň binýadynda ýokary hünär bilimini, ikinji ýokary hünär bilimini, saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli raýatlara bilim bermek, akademiki alyş-çalyş maksatnamalary boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly uzak aralykdan bilim maksatnamalaryny amala aşyrmak tejribesi öwrenilýär.

Ýurdumyzda toplanan milli tejribelere we dünýäniň öňdebaryjy tejribesine esaslanyp, mekdebe çenli ýaşly çagalary mekdebe taýýarlamak boýunça ene-atalar üçin uzak aralykdan okuw-gollanma kömegini bermek we mümkinçilikleri çäkli raýatlar üçin uzak aralykdan bilimi ýola goýmak teklip edilýär.

Milletiň Lideriniň başlangyçlaryna laýyklykda, ýakyn geljekde orta hünär bilimi bolan işgärler öz ugry boýunça ýokary hünär bilimini alarlar. Şeýle hem ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça uzak aralykdan hünär bilimini bermek usullary giňden peýdalanylar.

Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygymyza bilim edaralarynda uzak aralykdan bilim maksatnamalarynyň özleşdirilmegine mümkinçilik berýän täze tehnologiýalary ulanmak boýunça döwrebap düzgünnamalary taýýarlamak hem-de olary girizmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň