Türkmenistanyň DHÇMB-de 14,5 million dollarlyk geleşik baglaşyldy

02:1621.06.2020
0
7479

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 59-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Gonkongyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen we polipropilen şweýsariýaly we owganystanly telekeçileriň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Mundan başga-da, Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna reňksiz aýnany, dürli dokma önümlerini, bir gezek ulanylýan gorag örtüklerini, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 523 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine BAE-niň, Türkiýäniň, Ermenistanyň işewürler toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 6 million 444 müň manatlyga golaý bir gezek ulanylýan gorag örtüklerini we nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 16 million 790 müň manatlykdan gowrak «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni, şeýle hem pagta süýümini satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň