Türkmen Lideri Gazagystanyň ilkinji Prezidentiniň tiz wagtda sagalmagyny arzuw etdi

02:0421.06.2020
1
12457

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewe  hat  iberip, koronawirus ýokaşmasy baradaky habara çuňňur gynanýandygyny aýtdy. Bu barada TDH ýazýar.

“Durmuş güýjüňiziň we erkiňiziň kömegi bilen ýakyn wagtda bu keseli ýeňip biljekdigiňize ynanýaryn. Ömrüňiziň bu agyr döwründe Sizi doly goldamaga we zerur bolsa kömek bermäge taýýardygymy bildirmek isleýärin" – diýip, döwlet Baştutany Nursultan Abişewiçiň tiz sagalmagyny, saglyk we uzak ömür arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Tolkaty ( 22.06.2020 )

Bizin yolbascylarymyzada virusa garsy goresde Alla komek etsin

0