Soňky habarlar

Arhiw

Futzal, Naýbaşy liga ― 2020: nobatdaky üç tapgyr Mary şäherinde geçiriler

17:1620.06.2020
0
4634

20-nji iýunda ýurdumyzyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň 5-nji tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygy geçirilip, onda “Senagatbank” topary “Deňizçiden” 2:1 hasabynda üstün çykdy ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Mergen Ataýewiň tälim berýän topary gazanan bu ýeňşinden soň toplan 16 utugy bilen ýaryş tertibinde 4-nji orna geçmegi başardy.

Ýeri gelende bellesek, Naýbaşy ligasynda geçirilen 9 tapgyrdan soň 22 utuk toplan “Köpetdag” topary birinji orny eýeleýär. 19 hem-de 17 utukdan toplan “Daýhanbank” bilen “Gümrükçi” toparlary degişlilikde ikinji, üçünji orunlary eýeleýärler.

Naýbaşy ligasynyň duşuşyklarynyň 25-nji, 26-njy hem-de 27-nji iýunda geçiriljek nobatdaky üç tapgyryny Mary welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň ýardam bermeginde Mary şäheri kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň