Soňky habarlar

Arhiw

“Audi”-niň paýnamalaryny satyn aldy

12:5720.06.2020
0
1289

“Volkswagen” kompaniýasy “Audi” kompaniýasynyň paýnamalaryny dolulygyna satyn alýar. Iki nemes brendiniň arasyndaky ilkinji hyzmatdaşlyk 1964-nji ýylda gazanylýar. Şol ýyl “Volkswagen” “Daimler-Benz”-iň “Audi”-däki paýnamalary satyn alýar. Şondan soňra “Volkswagen” “Audi”-däki paýnamalaryny yzygiderli köpeldip, häzirki wagtda 99,64 göterime ýetirdi. Galan 0,36 göterimlik paýnamanyň satyn alynmagy üçin gepleşikler geçirilýär. Gazanylan ylalaşyga görä, häzirki wagtda her biri 1050 ýewro gymmaty bolan paýnamalary “Volkswagen” 1551,53 ýewrodan satyn alar. Şeýlelikde, “Volkswagen” bu paýnamalary satyn almak üçin 237 million ýewro tölär. Netijede, “Volkswagen” brende dolulygyna eýeçilik eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň