Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalykçylary taýýarlaýan ýokary bilim ojaklarynyň işine nägilelik bildirdi

23:5019.06.2020
0
10533

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 19-njy iýunda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we Türkmen oba hojalyk institutynyň işine nägilelik bildirdi ― diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmak, ýaş hünärmenleriň ýokary öndürijilikli, döwrebap tehnologiýalar esasynda işleýän daşary ýurtlaryň tehnikalaryna erk etmek başarnyklaryny gazanmak babatda zerur çäreleri görmegi talap etdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz birnäçe daýhan hojalyklarynda ýerleriň şüdügär sürümine düýpli bellikleri aýtdy we ylmy esasda ekişe taýýarlanylýan ýerleri ýokary hilli taýýarlamak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň