Soňky habarlar

Arhiw

Mejlise kanunçylyk özgertmeleri boýunça 32 teklip geldi

23:3919.06.2020
0
11414

19-njy iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa döwlet Baştutanyna häzirki wagtda Mejlisde ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, kanunlaryň taslamalarynyň, hereket edýän birnäçe kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça taslamalaryň 32-siniň taýýarlanylandygyny habar berdi ― diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar. 

G.Mämmedowa taýýarlanylan kada-kanunlaryň sanynyň köpdügi hem-de olar barada teklipleriň, seslenmeleriň gelip gowuşýandygy bilen baglylykda, kanunlaryň üstünde işlemegi dowam etdirip, Mejlisiň 20-nji iýunda bellenen maslahatyny gaýra süýşürip, kanunlaryň taslamalaryna indiki maslahatlarda seretmek baradaky haýyş bilen ýüz tutdy.

Döwlet Baştutany gelip gowuşýan teklipleriň hemmesiniň düýpli öwrenilmeginiň wajypdygyny hem-de «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasynyň gutarnykly görnüşini taýýarlamak hem-de ony Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisinde garamaga bermek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etmelidigini belledi.

Milletiň Lideri Mejlisiň nobatdaky maslahatynyň gün tertibine giriziljek meseleleriň ähmiýetine ünsi çekip, ähli resminamalaryň we olar boýunça kabul ediljek çözgütleriň netijeli işlenip taýýarlanylmagynyň zerurdygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň