BSGG-niň wekilleri iýulyň başyna Türkmenistana gelmekçi

23:2019.06.2020
0
18130

Iýul aýynyň başynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekilleriniň Türkmenistanda saparda bolmagyna garaşylýar. Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen geçirilen brifingde habar berdi.

Ministr şu günler BSGG-niň ýurda saparyna taýýarlyk görülýändigini aýtdy. Taýýarlyk işleri guramanyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Paulina Karwowska bilen duşuşygyň hem esasy meselesi boldy diýip, ministr aýdýar.

«Sapary iýul aýynyň başynda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Türkmen tarapy munuň üçin zerur taýýarlyklary gördi. Saparyň anyk seneleri BSGG tarapyndan kesgitlener» diýip, ministr aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň