Soňky habarlar

Arhiw

Ol Hobbitleriň Bilbo Bagginsidi

18:4919.06.2020
0
1058

Golliwudyň angliýaly meşhur aktýory, “Ýüzükleriň hökümdary” filmlerindäki Bilbo Bagginsiň keşbi bilen adygan aktýor Iýn Holm 88 ýaşynda aradan çykdy. 1931-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Londonyň golaýyndaky Gudmaýes diýen ýerde şotland maşgalasynda dünýä inen Iýn Holm teatrlarda aktýorçylyga başlaýar. Ol 1968-nji ýylda surata düşen “Bofor tüpeňi” filmindäki keşbi bilen BAFTA baýragyna mynasyp bolýar. 1981-nji ýyldaky “Alaw ulaglary” filmi oňa tutuş dünýäde uly şöhrat getirýär. “Gelmişek” filminde Eşiň keşbi bilen hem tanalýan Iýn Holmuň Ýer şarynda has meşhurlyk gazandyran kino “Ýüzükleriň hökümdary” filmler toplumy bolýar. Ol bu filmde keltejik boýly Bilbo Bagginsi janlandyrýar. Şol keşbini Hobbit filmlerinde-de janlandyran aktýor “5-nji element” kinosynda surata düşýär. BAFTA, Tony, Altyn palma ýaly baýraklaryň eýesi bolan aktýor onlarça telefilmde, serialda dürli keşpleri janlandyrdy. 5 çaganyň kakasy Iýn Holm dürli wagtlarda jemi 4 gezek durmuş gurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň