Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Garagum» myhmanhanasynyň we paýtagtdaky 21-nji ýöriteleşdirilen toplumyň gurluşygy bilen tanyşdy

23:5618.06.2020
0
16933

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji iýunda Aşgabatdaky käbir gurluşyklaryň barşy bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutany paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ýolugra şähergurluşyk işleriniň barşy, hususan-da, häzirki zaman «Garagum» myhmanhanasynyň hem-de bu ýerde bina edilýän 21-nji ýöriteleşdirilen toplumyň mekdebinde we çagalar bagynda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem toplumyň çäginde fitnes we döredijilik merkezi gurulýar. Munuň özi okuwçylaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyny netijeli guramaga hem-de çagalaryň dürli ugurlarda zehinlerini ösdürmek boýunça işi kämilleşdirmäge ýardam eder.

Bu ýerde gurulýan bilim edaralarynda çagalara daşary ýurt dilleriniň birnäçesi öwrediler. Mekdepde köp dersler boýunça okatmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa ýaş nesliň saýlap aljak hünärine doly derejede taýýarlygyny üpjün eder.

Mekdepde käbir dersleriň çuňlaşdyrylyp öwredilmegi giň dünýägaraýyşly bilimli ýaşlaryň kemala gelmegine kömek eder diýip, milletiň Lideri belledi. Bu ýerde okuwçylaryň aň-düşünje we beden taýdan ösmegi hem-de döwrebap bilim almagy, mugallymlaryň netijeli işlemegi üçin hemme şertler döredilmelidir. 

Türkmenistanyň Prezidenti «Garagum» myhmanhanasynyň gurluşyk işleri bilen içgin tanşyp, bu babatda birnäçe bellikleri we maslahatlary aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň