Aşgabatda we Türkmenbaşyda Russiýanyň kanunçylyk özgertmeleri üçin ses berlişik guralar

22:0518.06.2020
0
12480

Russiýanyň Türkmenistandaky raýatlary ýurduň Konstitusiýasyna girizilmegi meýilleşdirilýän özgertmeler bilen bagly 1-nji iýulda geçiriljek ses berlişige gatnaşyp bilerler. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. Diplomatik wkilhananyň habarynda aýdylyşy ýaly, Türkmenistandaky rus raýatlary ses berlişige Aşgabatda we Türkmenbaşy şäherlerinde dörediljek saýlaw nokatlarynda gatnaşyp bilerler. Bu nokatlar 1-nji iýul güni ir sagat 8-den agşam 22-ä çenli arakesmesiz işlär.

Ses bermäge degişli, 18 ýaşyny dolduran Russiýanyň raýatlary ses berlişige raýatlyk pasportyny (daşary ýurt, diplomatik ýa-da gulluk pasportyny) alyp gelmeli. Soralýan resminamalaryň doly sanawy ilçihananyň internet saýtynda görkezilýär.

Aşgabatdaky saýlaw nokady Saparmyrat Türkmenbaşy köçesiniň 11-nji jaýynda, Türkmenbaşy şäherindäki nokat Magtymguly köçesiniň 81-nji «A» jaýynda işlär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň