Ýaşlar ligasy ― 2020: şu gün 7-nji tapgyryň «Aşgabat-2» ― «Ahal-2» duşuşygy geçiriler

15:2716.06.2020
0
4078

Şu gün, 16-njy iýunda Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 7-nji tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygy geçiriler ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Aşgabat şäheriniň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň futbol meýdanynda geçiriljek duşuşykda “Aşgabat II” hem-de “Ahal II” toparlary duşuşarlar. Bu duşuşyk 18:30-da başlanar.

11 utuk toplan “Aşgabat II” toparynyň ýaryş tertibinde 7-nji orny eýeleýändigini ýatladýarys. 20 utugy bolan “Ahal II” 4-nji orunda ornaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň