Soňky habarlar

Arhiw

TDÇA-nyň mugallymlary we talyplary çagalar bilen döredijilik duşuşygyny geçirdiler

15:2216.06.2020
0
8041

Aşgabatdaky 28-nji orta mekdebiň tomusky dynç alyş meýdanaçasynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akamediýasynyň žiwopis kafedrasynyň mugallymlary we talyplary döredijilik duşuşygyny guradylar. Çagalar bilen duşuşygyň barşynda çeperçilik sungatynyň dürli ugurlar boýunça nusgalar görkezilip, olaryň käbiri çagalar bilen bilelikde taýýarlanyldy. Şeýle hem bu ýerde dynç alýan çagalar myhmanlaryň TDÇA-nyň işi baradaky gürrüňlerini uly höwes bilen diňlediler.

Okuwçylar hem öz gezeginde mugallymlardyr talyplara erkin ugurlar boýunça çeken suratlaryny görkezdiler.

Şeýle duşuşyklar şäherdäki 4, 12, 17 we 30-njy mekdeplerde hem geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň