Soňky habarlar

Arhiw

Atajan Taganyň “Keseki” romany fransuz dilinde çap ediler

19:3114.06.2020
0
1825

Aşgabatda Fransiýa Respublikasynyň Fransuz institutynda görnükli türkmen ýazyjysy Atajan Taganyň dünýäniň köp dillerine terjime edilen “Keseki ” atly taryhy we dokumental romana bagyşlanan suratlar bäsleşigi geçirildi.

Bu edebi eseri fransuz diline terjime etmek taslamasynyň çäginde Fransuz instituty geljekki kitabyň baş sahaby üçin iň gowy suraty seçip-saýlamak üçin türkmen suratkeşleriniň arasynda bäsleşik yglan etdi.

Bäsleşige jemi 14 suratkeş gatnaşyp, stil taýdan düýbünden tapawutlanýan taslamalary teklip etdiler.  Bäsleşige gatnaşýanlar üçin wezipe aňsat däldi, sebäbi ilki bilen okyjy kitabyň daş ýüzüne üns berýär.

Sergä we bäsleşige gatnaşanlaryň arasynda hünärmen suratkeşler - Möjek Çaryýew, Aýa Serçenowa, Begenç Berekliýew, şeýle hem Gülşat Baýryýewa, Täjigül Gurbanowa, Baýram Nuryýew we başgalar bar.

Pars goşunynyň ekspedisiýasyna gatnaşan we türkmen topragynda ýesirlikde bolan fransuz topografy Georges Henri de Blokwiliň ajaýyp ykbaly Atagan Taganyň sungat eseriniň esasyny düzdi. Daşary ýurtly okyjylaryň arasynda meşhurlyk gazanan “Keseki” romany dünýäniň birnäçe dillerine terjime edildi, Ýazyjynyň  eserine esaslanan sahna teatr sahnasynda uzak wagtlap üstünlikli ýerine ýetirildi.

Medeni çärä gatnaşan görnükli myhmanlaryň arasynda Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Fransua Delaus we şu ýyl 80 ýaşyny bellän ýazyjy Atagan hem Tagan bar.

Atajan Tagan:  – Blokwil Türkmenistanyň çäginde 14 aý ýesirlikde oturdy. Bu eseriň hakykylygyny tassyklaýan taryhy resminamalary okanym üçin, bu hakda kitap ýazmagy makul bildim. Aýdyşlary ýaly, kitap gowy boldy. Dünýäniň dürli ýurtlarynda birnäçe dilde köp sanly neşir edildi. Şu gün jenap Delausa we Fransuz institutynyň işgärlerine, watandaşynyň, gahrymanynyň türkmen we rus dillerinden soň fransuz diline terjime edilemgi üçin ähli zady edýändikleri üçin minnetdarlygymy bildirýärin – diýip belledi.

Bäsleşigiň ýeňijisi indiki hepde belli bolar. Tomaşaçylaryň we hünärmen eminleriň ses berişliginiň netijelerine esaslanyp, “Keseki” romanynyň fransuz neşiri üçin iň gowy sahap saýlanar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Açyk gapylar” syýasaty halypa ýazyjynyň döredijilik örüsiniň giňemegine, eserleriniň dünýäniň köp dillerine terjime edilmegine ýol açdy. Onuň kän  dile  terjime  edilip,  850 müň nusgada  okyjylara  hödürlenen  kitaplaryna  dürli  ýurtlaryň  edebiýat hünärmenleri  tarapyndan 80-den gowrak oňyn syn  ýazyldy. Germaniýanyň  “YAM publishing.ru” söwda belgili  neşirýaty  ýazyjynyň  “Keseki” romanyny  bütin  dünýäniň  internet–onlaýn  kitap  dükanlaryna ýaýratdy. Ony Daşkendiň “Jahon  adabiýoty” žurnaly  2014-nji  ýyldaky  bäş  sanynda  özbek  dilinde  doly  çap  etdi. 2016-njy ýylda bolsa  “Uzbekiston” neşirýaty “Begona” ady bilen aýratyn  kitap  edip, özbek okyjylaryna ýetirdi. “Kesekini”  “Izwsestiýa” neşirýaty 265 müň nusga  bilen  okyja  hödürledi.  Nýu-Ýorkuň “Dünýäniň sesi” (“Word voise”) hepdelik  gazeti  romanyň  gysgaldylan  görnüşi  bilen  rus dilli  okyjylaryny  tanyşdyrdy. Türki dilli prozanyň nowellistika žanrynyň ussady hökmünde Berliniň “Halklaryň dostlugy öýünde” 1991-nji ýylda A.Taganyň  “Hekaýa  agşamy” geçirildi. Ol türkmen edebiýatynyň taryhynda daşary ýurtda amala aşyrylan şeýle çäräniň ilkinjisine öwrüldi. Ýeri gelende bellesek, ýazyjynyň ady agzalan “Keseki” romany bilermenleriň statistikasyna görä, dünýäde iň köp okalýan kitaplaryň sanawyna hem girizilipdi. Häzirki wagtda onuň fransuz diline terjimesi hem tamamlandy.

Okyjylar tarapyndan eserlerine garaşylýan ýazyjy A.Taganyň  proza eserlerinden  hem  öz  ssenariýlerinden  5  kinofilm, şol  sanda “Tentek” kinokomediýasy  döredildi, pýesalaryndan  6  spektakl  sahnalaşdyryldy.

30-a golaý kitabyň awtory A.Tagan  dünýä edebiýatyndan 6 roman, 3 powest, onlarça hekaýa terjime etmek bilen hem, milli terjimeçilik sungatyna önjeýli goşant goşdy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň