Soňky habarlar

Arhiw

Ýaşlar ligasy ― 2020: «Şagadam-2» ilkinji ýeňşini gazandy

17:3714.06.2020
0
4221

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 14-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda Türkmenbaşynyň «Şagadam II» topary öz meýdanynda Marynyň «Energetiginiň» ýaşlar düzüminden 3:1 hasabynda üstün çykdy ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Çempionatdaky ikinji ýeňşini gazanan «Şagadam» toplan 7 utugy bilen ýaryş tertibinde soňky orunda galdy. 12 utugy bolan «Energetik» 6-njy orny eýelemegini dowam edýär.

Ýeri gelende bellesek, geçirilen duşuşyklardan soň 39 utugy bolan «Altyn Asyr II» topary birinji orny eýeleýär. Ikinji, üçünji orunlarda degişlilikde «Köpetdag II» (30 utuk) hem-de «Nebitçi II» (25 utuk) toparlary ornaşmagy başardylar.

 14-nji tapgyryň duşuşygy:

 «Şagadam II» – «Energetik II» – 3:1

Gollar: 81 Roman Abdurzaýew, 86 Süleýman Aşyrow, 90 Begenç Gylyçnyýazow, 11 m.j.u. («Şagadam II») – 54 Aly Haýdarow 11 m.j.u. («Energetik II»).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň