Medeniýet hepdeligi 2021-nji ýylda Lebap welaýatynda geçiriler

13:4214.06.2020
0
2152

Türkmenistanyň Prezidenti anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň wideoragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisiniň barşynda 2021-nji ýylda Medeniýet hepdeligini Lebap welaýatynda geçirmek hakyndkay Kararar gol çekdi.

Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi.

Resminama bilen Medeniýet hepdeligini geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Medeniýet ministrligine, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna we Lebap welaýatynyň häkimligine Medeniýet hepdeliginde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça medeni çäreleriň geçirilmegini we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Şu ýyl Medeniýet hepdeligi – 2020 Daşoguz welaýatynda geçirilýär. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan edeni “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri jemlener we hormatly atlar dakylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň