Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda geljekki serkerdeleriň uçurym dabarasy boldy

23:4313.06.2020
0
6861

13-nji iýunda ir säher bilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda ýurdumyzyň Harby akademiýasynyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny hormatlamak dabarasy boldy ― diýip, TDH ýazýar.

Bu waka mynasybetli guralan dabara Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdepde başlandy. Bu ýerde watançy esger, ilhalar ynsan we durmuş ýoly nusgalyk mekdebe öwrülen B.Annaýewiň ýadygärligine gül desseleri goýuldy.

Soňra Harby akademiýanyň, Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň, Içeri işler ministrliginiň institutynyň uçurymlary “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň etegine gül desselerini goýdular.

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň we Içeri işler ministrliginiň institutynyň, şeýle hem Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby-lukmançylyk fakultetiniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna iberen Gutlagyny ýokary ruhubelentlik bilen diňlediler.

Bu ýerde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna ýokary hünär bilimi hakyndaky diplomlar, döşe dakylýan nyşanlar we serkerdelik şahadatnamalary gowşuryldy. Harby uçurymlar Watanymyza bolan belent buýsanç duýgusy bilen Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň öňünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize ak ýürekden wepaly gulluk etjekdikleri hakynda harby kasamy ýerine ýetirdiler.

Ýurdumyzyň teatrlarynyň artistleriniň, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň çykyşlary aýratyn baýramçylyk ýagdaýyny emele getirdi.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynda deňizçi uçurymlaryň hormatyna gutardyş dabarasy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän Baýdak meýdançasynda ýaýbaňlandyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň