Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020, 14-nji tapgyr: «Köpetdag» «Merwi» ahyrky minutlardaky gol bilen ýeňdi

21:5513.06.2020
0
5842

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» futbol topary Mary şäheriniň «Merwini» ahyrky minutlarda geçirilen pökgi bilen ýeňdi. 14-nji tapgyryň çäginde Mary şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda geçirilen duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 89-njy minutda Meýlis Diniýew geçirdi.

Ýerli janköýerleriň 2000-sini özüne çeken duşuşykda «Merw» mynasyp göreşdi diýip bolar. Duşuşygyň ahyrky minutlaryndaky ýadawlykdan peýdalanan «Köpetdag» netijäni öz haýryna tamamlap, 20-nji utugyny gazanmagy başardy.

Bu netijeden soňra «Köpetdag» dördünji orundaky ýerini gorap saklady. «Merw» bolsa 13 utuk bilen altynjy basgançakda galdy. Ýedinji basgançakdaky «Nebitçiniň» hem 13 utugynyň bardygyny ýatlatmak gerek. Ýöne TFF utuklar deň gelen ýagdaýynda toparlaryň özara duşuşyklarynyň netijesine seredýär.

«Köpetdag» bilen «Merw» çempionatyň birinji ýarymyndaky ähli duşuşyklaryny geçirdiler. Indi toparlar tomusky arakesmä çykdy diýip bolar. Üçünji aýlawa çenli toparlaryň düzüminde käbir üýtgeşmeleriň bolmagyna garaşylýar.

 «Merw» – «Köpetdag» – 0:1

Gol:  Meýlis Diniýew 89.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň