Milli nyşanly dokma önümleri eksportdaky ýerini giňeldýär

16:3013.06.2020
0
24301

12-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow döwlet Baştutanyna içerki we daşarky bazarlarda dokma önümleriniň ýerlenilýän mukdaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň ekologiýa taýdan arassa önümleri ýerli sarp edijilerde we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Dokma senagaty ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan milli nyşanlary döretmek boýunça işler amala aşyrylýar. Hususan-da, «Bedew» nyşanly jinsi önümleri, «Bürgüt» nyşanly sport eşikleri, «Gala» nyşanly tikin-örme önümleri, «Ýeňiş» nyşanly erkek köýnekleri giň meşhurlyga eýe boldy.

Şunuň bilen birlikde, «Goza» hem-de «Wada» nyşanly harytlaryň önümçiligini we ýerlenilişini artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu bolsa önümiň görnüşleriniň mahabatlandyrylmagyna, giňeldilmegine hem-de ýurdumyzyň ýokary hilli önümleriniň eksportynyň artdyrylmagyna ýardam berýär.

Türkmenistanda talyplaryň sport lybaslarynyň täze nusgalary taýýarlanyldy

Şol Hökümet mejlisinde sarp edijileriň barha artýan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, çagalar we ulular üçin niýetlenen tomus-güýz möwsümi üçin egin-eşikleriň hem-de aýakgaplaryň täze nusgalarynyň işlenip taýýarlanylandygy habar berildi. Her bir ýokary okuw mekdebiniň aýratynlygyny nazarda tutup we milli nagyşlaryň görnüşlerini ulanmak bilen, talyplar üçin sport lybaslarynyň täze nusgalary taýýarlanyldy. Bu önümleriň ýerlenilişini has-da giňeltmek üçin paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ýöriteleşdirilen birnäçe täze dükanlary açmak teklip edilýär.

Dokma kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak maksady bilen, birnäçe maýa goýum taslamalaryny, hususan-da, olary döwrebaplaşdyrmak hem-de öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrmak boýunça taslamalary amala aşyrmak teklip edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň