Soňky habarlar

Arhiw

Köpetdagyň eteginde harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin dynç alyş-sagaldyş merkezi gurlar

10:4013.06.2020
0
1323

Surat: tdh.gov.tm.

11-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri üçin gurulmagy meýilleşdirilýän dynç alyş-sagaldyş merkeziniň ýerleşjek ýerleri bilen tanyşdy ― diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, täze merkezde dynç aljaklara hödürlenjek hyzmatlaryň ýokary derejesi üpjün ediler. Onuň ýanaşyk ýerleri häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylar. Şeýle hem binalaryň gurluşygy meýilleşdirilende, bu künjegiň tebigy aýratynlyklary nazara alynýar.

Döwlet Baştutany desganyň ýerleşişi bilen tanşyp, bu ýerde ulularyň we çagalaryň göwnejaý dynç almagy üçin oňaýly şertleriň döredilmeginiň zerurdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň