Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmengazyň» ýolbaşçysyna nägilelik bildirdi

23:4112.06.2020
0
10267

12-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewiň wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky düzümleriň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin düýpli nägilelik bildirdi.

Milletiň Lideri pudagyň düzümleýin bölümleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we ozal berlen tabşyryklaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça degişli guramaçylyk çärelerini görmegi konserniň ýolbaşçysyndan berk talap etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň