Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Hytaýyň DIM-leri Hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn toparyň geljekki mejlisi barada pikir alyşdylar

22:5812.06.2020
0
6089

11-nji iýunda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, hususan-da, halkara guramalaryň ugry boýunça döwletara gatnaşyklaryň giň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ― diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Duşuşygyň barşynda taraplar däp bolan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, ykdysadyýeti, söwdany, nebitgaz ulgamyny, telekommunikasiýalary, saglygy goraýşy, ylmy we bilimi, medeniýeti ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdiler.

Diplomatlar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini hem-de onuň ägirt uly kuwwatyna taraplaryň özara gyzyklanma bildirýändiklerini nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň aýratyn wajypdygyny nygtadylar, şeýle hem ýakyn geljekde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meselelerine degip geçip, koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy durmaga aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä möçberinde COVID-19-yň ýaýramagyna garşy göreşmekde ylmy diplomatiýanyň gurallaryndan hemmetaraplaýyn peýdalanmak baradaky başlangyçlarynyň ähmiýeti we derwaýyslygy nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň