Türkmenistanyň Prezidenti ýaş alymlaryň bäsleşiginiň ýeňijilerini gutlady

21:3212.06.2020
0
10581

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine Gutlag iberdi. Milletiň Lideriniň Gutlagynda şeýle diýilýär:

«Zehinli ýaşlar halkymyzyň buýsanjydyr. Islendik döwlet özüniň zehinli, iş başarjaň ýaşlary bilen ylym-bilimde, durmuş ulgamynda ýokary derejelere ýetýär. Biz ýaş alymlarymyzyň we talyplarymyzyň halkara ylym-bilim bäsleşiklerinde gazanýan üstünliklerine guwanýarys. Bu ugurda ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlaryň merkezi tarapyndan alnyp barylýan senagat-innowasion, maglumat-tehnologik barlaglaryň, şeýle hem ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň we hünärmenleriň ylmy açyşlarynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine degişli möhüm ähmiýetli wezipeleriň çözülmegine ýardam berýändigine aýratyn buýsanýarys.

Döwür geljege taýýarlykly barmak üçin täzeçil we ylmy esasda pikirlenmegi talap edýär. Häzirki döwürde ýaşlarymyzyň döwrebap hünärleri ele almaklaryna, nazary bilimlerini kämilleşdirmeklerine, amaly endiklerini ýokarlandyrmaklaryna, sanly tehnologiýalary özleşdirmeklerine, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglary we tehnologik tejribeleri öwrenmeklerine ýardam bermek biziň esasy wezipelerimiziň biridir.

Mähriban ýaşlar!

Eziz talyplar!

Sizi ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanan ajaýyp üstünligiňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, ylym ulgamyny ösdürmekde hem-de belent sepgitlere ýetirmekde rowaçlyklary arzuw edýärin!».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň