Futbol, Ýaşlar ligasy ― 2020: «Altyn asyryň» ýaşlary «Nebitçi ― 2-niň» derwezesine 10 pökgi geçirdiler

14:5712.06.2020
0
4188

11-nji iýunda Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 14-nji tapgyrynyň birinji duşuşygy geçirildi ― diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Altyn Asyr II» topary Balkanabadyň «Nebitçi» toparynyň ýaşlar düzümini kabul etdi. Hüjümde dürs oýnan Aziz Kambarowyň tälim berýän topary netijeli urgularyň 10-syny geçirip, ýeňişli ýörişini dowam etdirdi. «Altyn Asyra» ýeňiş getiren toplaryň 6-syny Şamämmet Hydyrowyň geçirendigini bellemek gerek.

Gazanan bu ýeňşinden soň 39 utuk toplan «Altyn Asyr II» topary birinji orny eýelemegini dowam edýär. «Nebitçi II» topary 25 utugy bilen ýaryş tertibinde üçünji orny eýeleýär.

Futbol birinjiliginiň 14-nji tapgyrynyň beýleki duşuşyklary 12-nji hem-de 14-nji iýunda geçiriler.
 
14-nji tapgyryň duşuşygy:

 «Altyn Asyr II» – «Nebitçi II» – 10:1

Gollar: 12 Begençmyrat Myradow, 17, 25, Rahman Myratberdiýew, 40, 45, 64, 72, 74, 89 Şamämmet Hydyrow, 56 Yhlas Toýjanow – 69 Arslan Saparow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň