Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti ylmy jemgyýetçilige Gutlag iberdi

14:5612.06.2020
0
9226

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de onlaýn-teleköpri arkaly geçirilýän atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlagyny iberdi. Döwlet Baştutanyň gutlagynda şeýle setirler bar:

«Ylym we bilim beýik maksatlara ýetmekde jemgyýetimizi birleşdirýän, Garaşsyz döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrýan baýlykdyr. Şoňa görä-de, biz ylym ulgamynyň gurluşyny, dolandyrylyşyny, binýatlaýyn esaslaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris. Häzirki zaman bilimlerini we ylymlaryny düýpli özleşdirýän ýokary derejeli hünärmenleri hem-de alymlary taýýarlamak üçin ähli şertleri döredýäris. Bilimlere we innowasiýalara daýanyp, dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrýarys, iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikleri gazanýarys.

Biz şu ýyl «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasyny» kabul etdik. Ýurdumyzy tehnologik we innowasion ösüş arkaly kämilleşdirmäge gönükdirilen bu resminama ylym ulgamyny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmäge, tehniki-maksatnamalaýyn çözgütleri taýýarlamaga, durnukly hem-de täze tehnologiýalary giňden ulanmak arkaly ylmy-barlag işlerini täze derejä çykarmaga ýardam edýär. Ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arasyndaky özara baglanyşygy has-da işjeňleşdirmäge, ylmy-barlaglar üçin täze programma üpjünçiligini döretmäge, ylma hem-de inženerçilige, tehnologik telekeçilige ýaşlary işjeň çekmäge giň mümkinçilik berer.

Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri!

Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar!

Sizi Ylymlar güni, şeýle hem onlaýn-teleköpri arkaly geçirilýän «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ylmy hem-de döredijilik işleriňizde täze üstünlikleri we açyşlary arzuw edýärin!».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň