Türkmenistan koronowirusa garşy göreşde BMGÖM bilen tagallalaryny birleşdirýär

23:0211.06.2020
0
4928

11-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) administratorynyň orunbasary we BMGÖM-niň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin edarasynyň direktory hanym Mirýana Spolýariç Egger bilen onlaýn duşuşygy geçirildi ― diýip, TDH habar berýär.

Sebit we tutuş dünýä üçin COVID-19 pandemiýasynyň täsiri hem-de ony aradan aýyrmak boýunça görülýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy howplara, hususan-da, koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreşmekde syýasy-diplomatik gurallary ulanmak babatdaky başlangyçlarynyň wajypdygy nygtaldy.

Onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny üpjün etmek baradaky meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň dürli meseleleri barada pikir alşyp, bu ugurda görülýän tagallalary utgaşdyrmagyň hem-de BMGÖM bilen degişli hyzmatdaşlyk meýilnamasyny taýýarlamagyň wajypdygyny aýtdylar.

Taraplar saglygy goraýyş hem-de daşky gurşawy goramak ulgamynda özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini aýratyn nygtadylar we BMG-niň Ösüş maksatnamasyny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly birnäçe meselelere garadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň