Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasy dowam edýär

23:3209.06.2020
0
4730

9-njy iýunda duşuşyklaryň dördüsi bilen ýurdumyzyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň duşuşyklary ýaýbaňlandyryldy ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

4-nji tapgyryň duşuşyklarynda ýaryşyň öňdebaryjysy «Gümrükçi» iň soňky orundaky «Olimpi» 9:1 hasabynda ýeňdi. Ýaryşyň üçünji basgançagynda «Migrasiýa» bolsa «Serhetçiden» 6:4 hasabynda üstün çykdy. «Deňizçi» bilen «Daýhanbankyň» arasyndaky duşuşyk bu toparlaryň ikinjisiniň 2:6 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlady. «Köpetdag» ― «Senagatbank» duşuşygynda Içeri işler ministrliginiň topary 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Toparlaryň 8-siniň gatnaşmagynda 4 aýlawdan ybarat bolan Naýbaşy ligasynyň üç tapgyryndan soň belli sebäplere görä togtadylandygyny ýatladýarys. 

4-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň toparlaryň dördüsi (“Gümrükçi”, “Migrasiýa”, “Daýhanbank”, “Köpetdag”) 9 utukdan toplamagy başardylar. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň sport toplumynda dowam edýän Naýbaşy liganyň 5-nji tapgyry 11-nji iýunda geçiriler.

Ilkinji gezek Naýbaşy ligasy ady bilen geçirilýän ýaryşyň duşuşyklary Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerinde, şeýle-de, Daşoguz hem-de Mary welaýatlarynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň