Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly ýaş dizaýneriň erkekler üçin modaly eşikleriniň görkezilişi boldy

12:1908.06.2020
0
34621

Surat: «Туркменистан: Золотой век»

«Paýtagt» söwda merkezinde dizaýner Şalar Rahymowyň döreden erkekler üçin modaly eşikleriniň görkezilişi boldy. Eşikleriň bu ýerde görkezilmegi ýöne ýerden däldir, çünki bu ýerde Şalaryň «Goç ýigit» dükany bar, onda awtorlyk nyşanly lybaslar görkezildi ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Ýaş dizaýneriň täze eşikleri bezemen lybaslaryň elementleri ekletik ýörelgelerinde döredilipdir. Duw-ak, mele reňkli, süýdreňk, goýy-gyzyl, gara-gök we goýy gara reňkli parçadyr panbarhat ýaly owadan reňk öwüşginli hem-de çylşyrymly nagyşly matalardan lybaslaryň 30 görnüşi tikilipdir.

Ekskluziw kolleksiýa, esasan, gelşikli nusgawy biçüwli. Eşikleriň bezeginde owadan ekletika agdyklyk edýär, olarda milli ýörelgeler bilen güýçli dizaýnerlik ideýalar utgaşýar. Žaketleriň hersi milli nagyşlara meňzedilen dür, straz, hünji we beýleki dürli daşlar bilen bezelipdir. Özi-de olar şeýle nepislik bilen saýlanypdyr welin, eşiklerde hiç hili artykmaçlyk duýulmaýar.

Şalar Rahymow modaly eşikleri döretmegi çagalykdan arzuw edipdir. Ozalky Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň (häzirki Oguzgan adyndaky Inžener-tehnologik uniwersiteti) dokmaçylyk bölüminde dizaýnerçilik ugrundan bilim almagy arzuwyna ýetmekde möhüm ädim bolupdyr.

Lybaslar senagatynyň gurluşyna has gowy düşünmek, bu kreatiw sungatyň ruhuna aralaşmak üçin Şalar Aşgabadyň modalar öýünde lybas görkeziji hökmünde özüni synap görýär. Soňra ýaş dizaýner erkekler üçin bezemen eşikleri işläp taýýarlamaga girişýär.

Şalar maksadyna-da ýetdi. Onuň döredýän lybaslary toý-dabaralara niýetlenen. Eger-de öýlenýän ýigidiň eşiklerini döretmeli bolsa, ýaşlaryň lybaslary sazlaşar ýaly Şalar gelniň kürtesini-de döredýär.

-Geçen ýyl Awazada geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň ahyrynda daşary ýurtly belli aýdymçylaryň uly konserti boldy. Meniň taýýarlan lybaslarymyň bäşisi ýurdumyzyň myhmanlaryna peşgeş berildi. Russiýaly aýdymçy Sergeý Lazarew özboluşly, kaşaň bezelen panbarhat frenç geýende onuň begenendigi ýadymda. Eden işiň ykrar edilmegi – käriňde täze belentliklere ýetmäge höwes döredýär, men hem uly derejä ýetjekdigime umyt bildirýärin – diýip Şalar gürrüň berýär.

- Sahna – munuň özi döredijilik ideýalarynyň möwç urýan ýeri, sungat işgärleri üçin eksklýuziw lybaslar döretmek meniň üçin hasam özüne çekiji. Artistiň özboluşlylygyny lybas bilen nygtamak, onuň eşiginiň döredijilik ýörelgelerine kybap gelmegini gazanmak ― çylşyrymly, şol bir wagtyň özüne baglaýan iş. Hut şonuň üçinem «Goç ýigit» nyşanly täze lybaslary görkezmegi men estrada artistlerine ynandym, şonuň üçinem modaly görkeziliş aýdym-sazly owadan şowhuna öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň