Soňky habarlar

Arhiw

Ýaş esgerler Konstitusiýa binasynyň ýanynda, harby uçurymlar «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda kasam kabul eder

23:5506.06.2020
0
6584

Ýaş esgerleri watançylyk taýdan terbiýelemek wajyp ugurlaryň biri bolup durýar, olar edermen we merdana ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini abraý bilen dowam etmelidirler diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde aýtdy.

Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, ýaşlaryň durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalaryň ýatdan çykmajak täsirli wakalara beslenmegi, olaryň harby kasama, watansöýüjilik däplerine wepaly bolmagy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, Watan gullugyna çagyrylan ýaş esgerleriň Konstitusiýa binasynyň ýanynda kasam kabul etmegi, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň uçurymlary üçin bolsa «Halk hakydasy» binalar toplumynyň ýanynda degişli ugur boýunça dabaraly çäreleri guramagyň möhümdigini belläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna bu meseleler boýunça degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň