Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti: «Kynçylykly döwürde döwlet ulag ulgamyny goldamaly»

23:5306.06.2020
0
6576

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni ýylyň bäş aýynda edilen işleriň jemine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde degişli wise-premýere ýüzlenmek bilen, häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň beýleki esasy pudaklary ýaly, ulag pudagynyň hem dünýäde koronawirus epidemiýasy hem-de mejbury çäklendirmeler sebäpli kyn ýagdaýy başdan geçirýändigine ünsi çekdi ― diýip, TDH habar berýär.

Ýönekeý bolmadyk şeýle şertlerde ulag kompaniýalarymyz bökdençsiz işlemegini dowam edýär, gatnawlaryň ygtybarly bolmagyny gazanýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutannyň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde koronawirus bilen bagly ýagdaý tamamlanýança, ulgamyň kompaniýalarynyň maliýe ýagdaýyny durnukly saklamak hem-de üznüksiz maliýeleşdirilmegini üpjün etmek esasy wezipedir. Zähmet haklaryny tölemek we maliýe borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin ulag kompaniýalarynyň serişdeleri bolar ýaly, olary goldamaly. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, wise-premýere bu ýagdaýlary seljerip, zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň