Arhiw

TÝL ― 2020, 13-nji tapgyr: «Altyn asyr» «Aşgabady» ýeňip, 27 utuga çykdy

22:0506.06.2020
0
5322

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 13-nji tapgyrynyň «Nusaý» stadionynda geçirilen açylyş duşuşygynda ýurdumyzyň häzirki çempiony «Altyn asyr» Aşgabadyň adybir toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini möwsümiň iň netijeli futbolçysy Altymyrat Annadurdyýew 36-njy minutda 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri utugyny 27-ä çykaryp, birinji orundaky ýerini has berkitdiler. 17 utukly «Aşgabat» bolsa dördünji orunda galdy.

13-nji tapgyr 7-nji iýunda geçiriljek «Energetik» ― «Ahal», «Nebitçi» ― «Merw» we  «Köpetdag» ― «Şagadam» duşuşyklary bilen dowam eder.

«Aşgabat» — «Altyn asyr» — 0:1.

Gol: Altymyrat Annadurdyýew, 36 (11 m.j.u.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň