Soňky habarlar

Arhiw

“Huawei” öňdeligi eýeledi

20:5606.06.2020
0
1073

IDC (International Data Corporation) guramasynyň maglumatlaryna görä, dakynylýan enjamlaryň global satuwy 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde 29,7 göterim artyp, 72,6 milliona ýetdi. Maglumata görä, degişli döwürde “Huawei” kompaniýasy bu ugurda 62,2 göterim ösüş gazanyp, bäsdeşlerinden tapawutlanypdyr. Kompaniýa üç aýyň dowamynda 2,6 million ‘akylly” sagady müşderilere ýetiripdir. IDC-niň maglumatlaryna görä, “Huawei”  onlaýn we bölek satuwdaky artykmaçlyklary sebäpli ösüşini dowam etdiripdir. Hytaý bazary bilen bir hatarda “Huawei” Ýewropa, Latyn Amerika we Aziýa ýurtlarynda ösüş gazanypdyr. Kompaniýa degişli döwürde goşar sagatlary bilen bir hatarda sport üçin niýetlenen täze enjamlaryny hem satuwa çykardy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň