“Çelsi” germaniýaly hüjümçini hataryna goşar

16:2506.06.2020
0
1538

Iňlis kluby “Çelsi” germaniýaly hüjümçi Timo Werner bilen şertnama baglaşmaga taýýarlyk görýär. Londonlylar oýunçynyň özi bilen ylalaşyk gazanyp, Werneriň kluby “Leipsig” bilen şertnama baglaşmagyň bosagasynda dur. “Çelsi” Werneriň şertnamasynda bellenen 60 million ýewrony tölär. Şeýlelikde, öňümizdäki günlerde bu transfer resmi ýagdaýda mälim ediler. 24 ýaşly Timo Werner “Çelsiniň” soňky aýlardaky 2-nji transferi bolup, londonlylar fewral aýyndan “Aýaksdan” Hakim Ziýeşi hem transfer edipdiler.  Timo Werner şu möwsümde “Bundesligada” 25 gol geçiripdi. Werner bilen “Liwerpul”, “Mançester Ýunaýted” ýaly başga-da klublar içgin gyzyklanypdy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň